«Soňky jaň» dabaralary geçirildi
«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okamak, öwrenmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan täze mekdepler açylyp ulanylmaga berilýär, öňki bilim edaralarynyň durky täzelenýär. Bu mümkinçilikler ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerinde, kämil tehnologiýalary ele almaklarynda aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýaş türkmenistanlylaryň sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanmaklaryna iterýär.