«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
«Durmuş» «durmak» sözünden gelip çykan ýaly bolsa-da, munda hiç bir zat duran ýerinde durmaýar. Aýdyşlaryna görä, ol «dyrmaş» sözi bilen manydaş ýaly. Ony belent bir dag, gaýa hökmünde göz öňüne getirip, şoňa dyrmaşyp, belentlikden-belentlige münüp gidibermeli. Onuň soňunyň nirede tamamlanjagy belli däl. Durmuşda dürli wakalar bolup geçýär. Olaryň ynsanda gowy ýa-da ýaramaz täsir galdyrýandygyna garamazdan, ählisi bizi kämilleşdirýär. Diýmek ähli zat hereketde, ösüşde.