Milli Liderimiz aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi
Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.