Zenan mertebesi mukaddes

3 Mart 2021
1022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmaga, adalatly jemgyýetde bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.Türkmen taryhynyň dowamynda zenan diňe maşgala binýadyny berkitmekde däl, eýsem, jemgyýetçilik işlerinde hem onuň orny uly bolupdyr. Özboluşly milli ýol-ýörelgesi bilen tapawutlanýan halkymyzda zenanlar ýokary hormata eýedir.

Türkmenistan zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagy üçin ähli tagallalary edýär. Türkmenistan 2015-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça guramasynyň agzalygyna saýlanyldy.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.