Hemişe ilatyň arasynda

3 Mart 2021
769

Ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň aýratyn orny bar. Bir asyra golaý wagtdan ozal döredilen we maksatnamalaýyn ýörelgelerine ygrarly bolup gelýän bu gurama il-ýurt bähbitli işleri ynsanperwerlik ýollary bilen amala aşyrmagy dowam etdirýär. Häzirki wagtda bu iri jemgyýetçilik guramasynyň öňünde ýaşlara belent maksatlara ýetmäge goltgy bermek, her bir raýatda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek barada düşünjeleriniň we endikleriniň bolmagyny gazanmak, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagy, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekene kömek bermegi öwretmek ýaly wezipeler dur. Bu jogapkärli wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelmek üçin şu günler edara-kärhanalarda ýygy-ýygydan bolup, düşündiriş işlerini, okuwlary guraýarys. Şeýle çäreleri «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginde, 26-njy we 29-njy orta mekdeplerde, 16-njy çagalar bagynda, Türkmenabat raýat desgalary edarasynda geçirdik we raýatlara ýörite taýýarlanylan gözükdirijileri paýladyk. Bu bolsa geçiren çärelerimiziň täsirliligini artdyrdy.

Swetlana HOJAMKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Türkmenabat şäheri boýunça wekili.