Milli Liderimiziň kitaby Türkiýede tanyşdyryldy

2 Mart 2021
783

Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Stambul uniwersitetiniň Jerrahpaşa ýokary hünärmentçilik mekdebinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan bu çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary bolsa dabara wideoaragatnaşyk arkaly goşuldylar. Ýeri gelende bellesek, milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynyň türk dilinde neşir edilen nusgasy geçen ýylyň 21-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda giň okyjylar köpçüligine tanyşdyrylypdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň hem-de Stambul şäherindäki Baş konsulynyň, Türk dünýäsiniň raýdaşlyk jemgyýetiniň başlygynyň, Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň rektorlarynyň we mugallymlarynyň, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň wekiliniň çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler türkmen Lideriniň döwet galamyndan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň doganlyk halkyň kitap muşdaklaryny Türkmenistanyň şöhratly taryhy, baý medeniýeti we ruhy gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga, türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna dogruçyl baha bermäge, milli we medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýändigini aýtdylar.

(Ýörite habarçymyz).