Döredijilikli işlemek ― baş maksadymyz

1 Mart 2021
823

Ata Watanymyzda ýetilýän belent sepgitleri, gazanylýan ýeňişleri dünýä ýaýmak, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini we syýasy bitewiligini, jebisligini yzygiderli pugtalandyrmak, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanýan zähmetkeş zenanlary maddy we ruhy taýdan goldamak, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen birleşigiň welaýat bölümi hem netijeli işleri, meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda merdana halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyny wasp etmeklige, halallygy, ahlaklylygy, zenan edep-terbiýesini ýaşlaryň arasynda ündemeklige, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen terbiýeçilik ähmiýetli çärelere aýratyn üns berýäris. Nesilme-nesil geçip gelýän milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň wagyz edilmegi bolsa tertipnamalaýyn işimiziň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde orta çykýar. Hut şuňa görä-de, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, gadymy ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, zenan el işleriniň gadymy nusgalaryny halkyň arasynda wagyz etmeklige bagyşlanan çäreleriň gerimi has hem giňeýär.

Ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, şol sanda zenanlaryň konstitusion hukuklarynyň we erkinlikleriniň berjaý edilişine, jemgyýetçilik durmuşynyň ahlak kada-kanunlarynyň ýerine ýetirilişine, ilatyň hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri hem tertipnamalaýyn işimiziň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde yzygiderli dowam etdirýäris. Bu bolsa zenanlaryň durmuş-zähmet hukuklarynyň we bähbitleriniň has netijeli üpjün edilmegine hyzmat edýär.

Jumagül AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň kätibi.