Saýlaw möwsüminde

11 Fewral 2021
1068

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny düýpli kämilleşdirmegiň barşynda üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde iki palataly parlament ulgamy girizildi. Şundan gelip çykýan wezipeleri çözmek üçin yglan edilen saýlaw möwsümi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakasy bolmak bilen, ýurdumyzyň syýasy durnuklylygynyň üpjün edilmeginde we ykdysady kuwwatlylygynyň has-da ýokarlandyrylmagynda, raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygynyň ýokary derejede üpjün edilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da abadanlaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýedir.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar bilen baglylykda, şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan ýurdumyzda saýlaw möwsümi başlandy. Saýlaw möwsümi Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.

Gülnabat ORAZOWA,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kanselýariýa müdiri.