Sport

1 gün öň
24

Parahatçylygyň ilçisi

Dürli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagtynyň aýdyň nyşanydyr. Garaşsyzlyk ýyllary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de göreldesi bilen türkmen sportunyň ösüşinde möhüm ähmiýetli döwür boldy. Paýtagtymyzda we sebitlerde gurlup ulanmaga berlen sport desgalarydyr mekdepleri ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ýardam berdi. Ýurdumyzda iri sport ýaryşlarynyň — V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, Kuraş boýunça halkara ýaryşlaryň, Amul — Hazar halkara awtoralliniň, Hokkeý boýunça halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi Bitarap Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde halkara abraýynyň barha artýandygyny görkezdi.

Begenç ÇERKEZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.