Türkmenistanyň ählumumy asudalygy nazarlaýan gadamlary

10 Sentýabr 2024
37

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi hem ýokary diplomatik ussatlygy bilen halkara giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ornuny berkitmek ugrunda binýadyny pugta tutan daşary syýasy ugry hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze üstünliklere beslenýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň ynsanperwer başlangyçlary depginli, netijeli, açyk we demokratik häsiýete eýe. Türkmenistanyň ýakyn hem alys ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebit we iri halkara guramalary bilen daşary syýasy ugrunyň meýilleri boýunça duşuşyklary we syýasy geňeşmeleri guramak babatda görkezýän tutanýerliligi ýyl ýazgysynda täze sahypany açýar. Şu ýylyň 5-7-nji iýuly aralygynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolmagy hem aýdylanlaryň aýdyň güwäsi bolup durýar.

Saparyň çäklerinde belent mertebeli myhman bilen hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň arasynda geçirilen ikiçäk gepleşikler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Duşuşyklaryň dowamynda durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, syýasy-diplomatik, ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ählumumy ösüşe we abadançylyga, BMG-niň ählumumy resminamalaryny, maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Dünýäniň iň iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy bilen ýokary derejede geçen duşuşyklar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de öňe ilerletmek, hil taýdan täze derejä çykarmak ýolunda nobatdaky ädim boldy. Netijeli häsiýete eýe bolan özara gepleşikleriň jemi boýunça gazanylan ylalaşyklar bilelikdäki iri taslamalardyr maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna hem-de olaryň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berdi. Mähirli hem ýakymly myhmansöýerlik gurşawynda geçen ýokary derejeli duşuşyklaryň ikisi-de dünýä giňişliginde oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň, çylşyrymly meseleleriň we jedelli ýagdaýlaryň öňüni almagyň gurallaryny döretmegiň, özara ynanyşmagyň ugurlaryny berkitmegiň sazlaşykly çözgüdini işläp düzmek üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.