«Guwly dere» nyşanly önümler barha meşhurlyga eýe bolýar

13 Awgust 2024
223

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň sany barha artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu künjekde işini ýola goýan önümçilikleriň biri-de «Guwly dere» haryt nyşanly ýuwujy serişdelerini öndürýän kärhanadyr.

Telekeçi Artykmyrat Orazniýazowa degişli bolan önümçilik kärhanasynyň döwrebap binasy ýokary talaplara laýyklykda gurlup, şu ýylyň fewralynda işi girizildi. Kärhananyň Türkiýäniň «Öz Ýilmaz» kompaniýasynyň dünýä meşhur tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik bölümleri ýuwujy serişdeleriň, çygly süpürgiçleriň we ugurdaş harytlaryň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlangyjy esasynda gürrüňi edilýän kärhanada bolanymyzda hem muňa göz ýetirdik.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.