Garagumuň gujagyndaky ýaýla

11 Awgust 2024
180

Düýe çalynyň tagamyny bilmeýän ýokdur. Tomsuň häzirki jöwzaly günlerinde şakäsäni dolduryp içseň, janyň gönenäýer. Agaranyny aýtsana! «Çemçe batmaz» diýilýänden ýyljajyk çörege ýanap iýseň, uzyn gün başga huruş küýsetmez.

Eger ýoluňyz düşüp, Garagumuň gujagyndaky gadymy Malaý, Arapbaý guýularynyň töwereklerine barsaňyz, ýokarky agzan nygmatlarymyz salamdan soň derrew hödür ediler. Gadymy kerwen ýolunyň ugrundaky köne oý-ýaýlalar tüýs maldarçylygyň, bu ýerleri mekan tutanlaryň aýdyşy ýaly, sarwançylygyň hemem dowardarçylygyň hakyky mesgeni. Garagumuň gujagynda gurulýan Aşgabat — Türkmenabat awtobany bilen ugurdaşrak gidýän köne ýoldan kybla-guşluga sowulsaň, gum depeleriniň arasyndan uzaýan ýylan yzy ýaly çopan gatnawy agzalýan örülere elter. Medeni zonadan 50 kilometr çemesi daşlykdaky gum obasyna ineniňde, gulaga düýeleriň yňramasy, köşekleriň naşyja bozlamasy iler-de, hakyky çarwa durmuşy gözüňi eglär.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy, «Biznes reklama».