Arkadag şäheri — täze taryhymyzyň altyn sahypasy

5 Awgust 2024
143

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde adamlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, oňaýly dynç almagy ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Häzirki wagtda täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli dowam edip, 3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrmagy möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan we «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

GURLUŞYK IŞLERINIŇ DEPGINI WE MÖHÜM TASLAMALAR BARADA AÝDYLDY

«Nesil».