28-nji iýulda Wenesuelada geçirilen Prezident saýlawlarynda häzirki döwlet Baştutany Nikolas Maduro ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Maduro üçünji alty ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu barada Wenesuelanyň Milli saýlaw geňeşiniň başlygy Elwis Amoroso ses berişlikden soň mälim etdi.
Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Madurony 5 million 150 müň 92 saýlawçy ýa-da ses berenleriň 51,2 göterimi goldady. Maduronyň esasy bäsdeşi, sagçy partiýalardan dalaşgär Edmundo Gonsales bolsa, 4 million 445 müň 978 saýlawçynyň ýa-da ses berenleriň 44,2 göteriminiň sesine eýe boldy. Saýlawçylaryň 4,6 göterimi bolsa, beýleki sekiz dalaşgäre ses berdi. Saýlawlara gatnaşyk 59 göterim boldy. Saýlawlarda ýeňiş gazanan dalaşgär 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda ýurduň täze Prezidenti hökmünde kasam kabul eder.