6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we 5-nji iýulda günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşygy irden paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdagynyň öňünde surata düşdüler.