Nusgalyk ömür

24 Iýun 2024
326

«Aý dogsa, älem görer» diýipdirler. Bu hakykatdan hem şeýle. Türkmeniň dana şahyry Magtymguly, göräýmäge, hat-petegiň seýregräk ýyllarynda, mundan üç asyr töweregi öňräk ýaşanlygyna garamazdan, tanymallyk gazanmagy başarýar. Şahyryň dürdäne eserleri şol bir wagtyň özünde Arminiý Wamberi, Aleksandr Hodzko ýaly günbatar gündogarşynaslarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Olar dana şahyryň eserlerini bölekleýin nemes we iňlis dillerine terjime edip, günbatarly okyjylary tanyşdyrýarlar. Şeýlelikde, şahyryň «Bilmeýen soranlara, aýdyň bu garyp adymyz» diýen pendi hasyl bolup, Magtymgulynyň ynsanperwer filosofik eserleri dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynyň goruna goşulyp başlaýar. Häzirki wagtda bolsa şahyryň eserleri dünýäniň iň giň ýaýran, ýörgünli dilleriniň ählisine diýen ýaly terjime edildi. Başgaça aýdanyňda, dünýä halklary türkmeniň milli gymmatlyklary bilen Magtymguly Pyragynyň gyzyla gaplaýmaly setirleriniň terjimeleriniň üsti bilen tanyşýar, öz ruhy, medeni dünýäsini baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, bu gün Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem, Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň sarpa goýýan şahyryna öwrüldi.

Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi türkmen halkynyň durmuşyny hem-de ruhy gymmatlyklaryny goşgy setirleri bilen şöhlelendirýän bahasyna ýetip bolmajak özboluşly ensiklopediýa öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu babatda dana şahyrymyzy «Pähim-paýhas ummany», «Ynsan kalbynyň ruhy lukmany», «Göwünlerde ýagşy umytlary we ajaýyp arzuwlary oýaran ynsan» ýaly ajaýyp epitetler bilen atlandyrýar. Magtymgulynyň bize galdyryp giden edebi we ebedi mirasy barada pikir ýöredeniňde, mundan iki müň ýyl öň ýaşap geçen gadymy rim şahyry Horatiusyň «Exegi monumentum» (Ýadygärlik gurundym), A.S. Puşkiniň «Я памятник воздвиг себе нерукотворный» (Men özüme elýetmez ýadygärlik gurundym) ýaly dünýä edebiýatynyň altyn goruna giren ölmez-ýitmez setirler hakydaňa gelýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, dana şahyryň eserlerini bu gün türkmen halky bilen birlikde älem-jahan okaýar, öwrenýär.

Rejepaly NAZAROW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Dil we edebiýat bölüminiň müdiri.