Yhlasly ynsanyň ykbaly

12 Iýun 2024
262

Ynsanyň ykbaly ösüşlerden, özgerişlerden dos-doly. Jemgyýetde öz ornuny tapan islendik adamyň geçmişinde häzirki gazanan şowlulyklarynyň astynda niçeme zähmetdir muşakgatlyklaryň bolandygyny köptaraply pikirlenýän ynsan eýýäm düşünýär. Bu ýagdaý pugta yhlasyňa bagly!

Iň bir köp tomaşaçyly, dünýä belli žurnalistler aýtmyşlaýyn, «millionlaryň oýny» diýip tarypy ýetirilýän futbol älemindäki iki oýunçy hakynda gürrüň etmeýän az bolsa gerek. Elbetde, bu diýýänlerimiziň Kriştianu Ronaldu hem-de Lionel Messidigine düşünmek kyn däl. Dogrusy, Messä berilýän taryplar şeýleräk: «ylahydan zehinli, ol hamala başga planetaly». Sport bilermenleriniň pikirleri hem dürli-dürli. Ýöne zehin diýilýän nygmatyň üstünde işlemeseň kämilleşmeýändigini bizden öňürti ençeme ynsanlar tekrarladylaram, jaýdar belledilerem. Olaryň pikirlerini goldamazlygam mümkin däl. Ýöne Ronaldu öz topardaşlary aýtmyşlaýyn, iki esse türgenleşip, şonçaragam «ýaşyl meýdançada» özüni taplamaga ymtylýar. Türgenleşikdäki zähmeti, erjelligi bilen kämillige, üstünlige ymtylýandygyny köpler bellediler. Ronaldu hakyndaky ýagşy taryplaram ýetik. Mysal üçin, halypa sport žurnalistleriniň biri aýtmyşlaýyn, eger Messi bilen Ronaldunyň kämillik döwürleri biri-birine gabat gelmedik bolsady, onda Lionel häzirki wagtda 13 «altyn topuň» eýesi bolardy. Bu ýerde žurnalist olaryň ýagşy manydaky ýaryşyny göçme manyda, has çeper röwüşde beýan edýär. Ýöne Messiniň 8 «altyn pökgini» gazanmagynda, Ronaldunyň kämilleşmek üçin çeken yhlasynyň bardygynam bellemek gerek. Sebäbi ol Messi ýaly oýunçynyň kämilleşen döwründe 5 «altyn topuň» eýesi bolmagy başardy ahbetin! Diýmek, Ronaldu yhlasy bilen üstünlik gazandy.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».