Hindistanda hyýalym (hekaýa)

6 Iýun 2024
313

Magtymguly Hindistana gitmegi öňräkden bäri niýet edip ýördi. Okan kitaplarynda-da, eşiden gürrüňdir rowaýatlarynda-da Hindistanyň adynyň tutulmagy, onuň bu ýurdy görmäge bolan höwesini artdyrdy. Arada Etrek derýasyny ýakalap oturan obada Mele Serdaryň öýünde bolanynda küştüň hem şol ýerde dörändigi baradaky gürrüň ony öz erkine goýmandy. Magtymguly öňem bu oýny gowy görýärdi welin, şol gürrüňden soň küşt oýnamagyň gizlin syrlaryny has içgin öwrenip başlady. Kakasy-da oglunyň bu oýny öwrenmegine garşy bolmady. Gaýtam:

— «Ýigide müň dürli hünärem az» diýipdirler, oglum, okanyň, öwreneniň özüňki. Öwrenen hünäriňi eliňden aljak adam bolmaz — diýip, oňa goltgy berdi.

Aýnabat ATAÝEWA