«Keý­mir kör» bi­len ta­na­lan

4 Iýun 2024
294

...Ynsan hakydasy ýyllar geçdigiçe könelmek bilen, emma durmuş ýoluňda duz-emek bolan, gatnaşan ýagşy adamlaryň mährem keşpleri, olar bilen eden söhbetleriň soň-soňlaram kalbyňa ýylylyk, göwnüňe tereňlik berýär.

Halypa ýazyjylarymyň biri hakynda başardygymdan söhbet açmak üçin ýarym asyrdan gowrak geçilen durmuş ýoluma nazar aýlaýaryn. Zähmet ýolumyň galapyn «Edebiýat we sungat» gazeti bilen bagly bolmagy aýratyn ýakymly. 1993-nji ýylyň dekabryndan 2000-nji ýyllaryň başlaryna çenli ilki korrektor, soňra habarçy bolup işlän döwrüm «Edebiýat we sungat» gazetiniň «Jennet» bazarynyň garşysyndaky köne Metbugat öýünde ýerleşýän redaksiýasy men-men diýen ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçylaryň häli-şindi gelip-gidýän mekanydy. Olaryň hatarynda ýazyjylar Berdinazar Hudaýnazarowy, Ýylgaý Durdyýewi, Sapargeldi Annasähet Iner ogluny, taryhçylar Berdimyrat Garabaýewi, Mämmetdurdy Annagurdowy we gaýry ençeme ägirtleri görmek, gürrüňlerini diňlemek bagty miýesser etdi.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».