UEFA-nyň täze ýaryşy bolan Ýewropa Konferensiýa Ligasynda 3-nji möwsümiň çempiony Gresiýanyň «Olimpiakos» topary boldy.
Gresiýanyň paýtagty Afinyda geçirilen finalda «Olimpiakos» topary Italiýanyň «Fiorentina» toparyndan goşmaça wagtda 1–0 hasabynda üstün çykdy. «AEK Arena» stadionyndaky finala 26 müň 842 janköýer tomaşa etdi. Portugaliýaly Artur Soareş Diaşyň eminlik eden oýnunda italýan topary has erjel oýun görkezip, has köp pursat döretdi. Ýöne netijede «Olimpiakosyň» finala çykmagynda uly rol oýnan marokkoly hüjümçisi Aýub El-Kaabiniň 116-njy minutdaky goly esasynda taryhy çempionlygyny baýram etdi. «Olimpiakos» topary UEFA-nyň ýaryşlarynda çempionlyk gazanan ilkinji grek kluby hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de, Gresiýa UEFA-nyň ýaryşlarynda kluby çempionlyk gazanan 18-nji ýurt boldy.