Awtoulaglar gurat bolmalydyr

27 Mart 2024
487

Diňe bir sürüjiler üçin däl, eýsem, ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisi üçin hem awtoulaglaryň gurat bolmagy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi ýollarymyzda hereketiň sazlaşykly, esasan bolsa, howpsuz, ýagny, hadysasyz bolmagyny gazanmagyň ilkinji şertleriniň biridir. Bu babatda sürüjileriň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Olar ulaglaryny dolandyrmaga girişmezden ozal onuň tehniki taýdan guratdygyna, hereket üçin doly taýýardygyna, ähli enjamlaryň abatdygyna doly göz ýetirmelidirler. Şonda sürüji, ilkinji nobatda, awtoulagyň dolandyryş, yşyklandyryş, duruzyş enjamlarynyň guratdygyna üns bermelidir. Şeýle-de ol hereket wagtynda howanyň ýagdaýyny, hereketiň ýygjamlygyny pugta nazarda tutmalydyr. Ine, häzirki wagtda dowam edýän bahar paslynda howa ýygy-ýygydan üýtgäp durýar, wagtal-wagtal ýagyn ýagýar. Şeýle şertlerde ýollar sürçek bolup, garagörnüm kemelýär. Şol sebäpli sürüjiler ulaglaryny ünsli we seresaply dolandyrmalydyrlar. Şonda tizlik, ozup geçmek kadalaryny berjaý etmäge has jogapkärli çemeleşmek zerurdyr. Bu talaplaryň berjaý edilmezliginiň ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirip biljekdigini unutmaly däl.

Sürüjileriň ünsüni ýene bir meselä çekmekçi bolýarys. Ol bolsa awtoulaglaryň arassa bolmagyny gazanmak bilen baglydyr. Awtoulaglaryň daşky görnüşi hem obadyr şäherlerimiziň gözel keşpleri bilen sazlaşmalydyr.

Döwran JUMAÝEW,
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.