Agzybirligiň we abadançylygyň toýy

23 Mart 2024
399

Bütin dünýäni parahatçylyga, adamzady ýagşylyga çagyrýan Nowruz baýramy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde-de il-ulsumyzyň agzybirliginde şatlyk-şagalaň bilen garşylandy. Her ýylyň 21-22-nji martynda döwlet derejesinde bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli uludan tutulýan toýda berkarar Watanymyzyň taryhy-medeni mirasy, bagtyýar halkymyzyň ynsanperwer ruhy dünýäsi döwrebap dabaralandyrylýar. Tebigatyň täzelenişini alamatlandyrýan, ynsan kalbyny heýjana salýan pasyllaryň soltanynyň şanyna täze eýýamyň ruhunda ýaýbaňlandyrylan köpöwüşginli medeni çäreler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady rowaçlyklaryny, ähli ulgamlarda ýeten sepgitlerini şöhlelendirdi.

Taryhy çeşmeler Nowruz baýramyny türkmen halkynyň has irki döwürlerden bäri belläp gelýändigini aýdyň tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Seljuk soltanlary döwründe uly tutumda bellenilen Nowruz baýramy mynasybetli «Nowruz sazlary» ýa-da Soltan Sanjaryň zamanasynda «Sanjary» diýlip atlandyrylan eserleriň bolandygyny bellemelidiris. Şol sazlaryň nota ýazgylarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynyň belli muzeýlerinde biziň günlerimize çenli saklanyp galandygy diýseň buýsançlydyr» diýip nygtaýar. Bu baýram hakynda ýakymly ýatlamalar geçen asyrlaryň edebiýatlarynda hem kän agzalýar. Abu Reýhan Biruniniň «Öten nesillerden galan ýadygärlikler», Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi», Nyzamylmülküň «Syýasatnama», Omar Haýýamyň «Nowruznama», Abulgazy hanyň «Türkmenleriň nesil daragty» atly eserlerinde Nowruzyň döreýşi bilen baglanyşykly wakalar, taryhy maglumatlar, ony garşylamagyň we uly dabara beslemegiň däp-dessurlary hem-de şol günlerde geçirilýän dürli oýunlar hakyndaky ýazgylar aýdyň beýanyny tapýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.