Söz sungatynyň ussady

11 Mart 2024
840

Dil — halklary biri-birinden tapawutlandyrýan esasy milli görkeziji. Eserleri Jemşidiň jamyna deňelen Magtymguly diliň nesilleri baglanyşdyrmakdaky, aňyýeti ösdürmekdäki hyzmatyna akyl ýetiren beýik söz ussadydyr. Ol eserlerinde türkmeniň kalbyny, ruhy dünýäsini giňden açyp görkezen akyldar şahyrdyr.

Magtymguly ene dilimiz arkaly agzybirligi, jebisligi, ynsanperwerligi ündän beýik şahsyýet, söz sungatynyň ussadydyr. Magtymguly türkmen halkynyň taryhy ykbaly üçin örän möhüm ýagdaý bolan halky bitewi bir döwlete birleşdirmek maksadyny çeper sözüň güýji bilen beýan edipdir. Magtymguly çeper edebiýatyň dilini kitaby dilden daşlaşdyran, halkyň janly gepleşik diline ýakynlaşdyran ussatdyr. Ol halkymyzyň janly gepleşiginden ep-esli uzaklaşan kitaby diliň kadalaryny ulanman, eýsem, öz eserlerine türkmen umumyhalk diliniň söz baýlyklaryny, häsiýetli grammatik aýratynlyklaryny girizipdir, edebi dilimizi halk döredijiliginiň diline has ýakynlaşdyrypdyr. Magtymgulynyň eserleriniň aglabasynyň türkmen halk döredijiliginiň şahyrana eserlerine kybapdaş dörtleme görnüşinde ýazylandygy hem muny doly tassyklaýar. Beýik söz ussadynyň dil babatdaky bu ýörelgesi özünden soňky türkmen şahyrlarynyň ençeme nesli üçin nusgalyk mekdep bolup gelipdir. Şahyryň tutuş döredijiligi halkyň milli durmuşyndan gözbaş alypdyr.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş».