Kristofer Nolan «Oppengeýmer» üçin 72 million amerikan dollary möçberinde gonorar aldy

11 Mart 2024
610

Meşhur režissýor Kristofer Nolan «Oppengeýmer» filmi üçin, takmynan, 72 million amerikan dollar möçberinde hak aldy. Bu kino sungatynyň taryhynda režissýorlara tölenen iň uly gonorarlaryň biridir.

«Forbes» žurnalynyň habar bermegine görä, Kristofer Nolan şeýle uly mukdardaky gonorary filmiň girdejisiniň 15 göterimini almaga mümkinçilik berýän «Universal Pictures» bilen baglaşylan şertnamanyň netijesinde gazandy. K.Nolanyň bu filmden aljak girdejisiniň geljekde ýene artmagyna garaşylýar.