Ýassygy tirsekläp çaý içmek ýakymly, ýöne...

10 Fewral 2024
651

Naharyny edinen dessine ýassygy tirsekläp, çäýnegi öňüne çekmek erkek adamlarda mahsus endik. Ýöne gyşaryp çaý içmek olaryň hemmesi üçin ýakymly bolup duranok. Döş töweregi ýanyp barýan ýaly duýgynyň döremegi, gyzýan agyrynyň sepirjek töweregine ýaýrap, boýna bermegi çaýyň lezzetini gaçyrýar. Halk köpçüliginiň arasynda «sary gaýnama» diýlip atlandyrylýan bu ýagdaý iýip-içenden soň gyşarýan, ýatýan adamlaryň hem käbirine tanyşdyr.

Sary gaýnama gastroezofageal reflýuks keseliniň (GERK) köp duş gelýän alamaty bolup durýar.

Perdegül Hatamowa,
Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň lukmany.