Sagdynlygyň gözbaşy

2 Ýanwar 2024
666

Häzirki döwürde ýurdumyzda ilatyň saglygyna, ekologiýa abadançylygyna hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kada öwrülmegine uly üns berilýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda saglygy goraýşy, ekologik düzgünleri, sport, bedenterbiýe we bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmekde, olary dünýä ülňülerine laýyk getirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamy howa şertleriniň durnuklylygy bilen bagly, adamyň saglyk ýagdaýyna baha bermäge mümkinçilik berýän kämil tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky aladasy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Eziz Diýarymyzyň ekologik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport we olimpiýa hereketiniň üsti bilen sagdyn-durmuş kadalaryny ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Garaşsyz döwletimizde hormatly Prezidentimiziň sport we ýaşlar syýasatyny utgaşykly alyp barmak hem-de watansöýüji, sagdyn ruhly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aýdanlaryndan ugur alyp, olaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çäresini geçirýäris.

Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.