Gül meňizli aýdymçy

21 Dekabr 2023
827

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Bahar Annaýewa Arkadag şäherinde geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» telebäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Kerim şahyryň «Söýgi diýseň, Aman düşýär ýadyňa» diýşi ýaly, Bahar diýseň, «Sogrup janym alsalaram, men seni söýmän bilmedim» diýen şirin owazly aýdymy bilen kalplarda orun almagy başaran Bahar Annaýewanyň mähirli keşbi göz öňüňe gelýär. Biz hem ýylymyzdan serpaýly bu asylly türkmen gyzy bilen söhbetdeş bolmagy makul gördük.

Söhbetdeş bolan Ogulkeýik DURDYÝEWA,
«Edebiýat we sungat».