Toý ruhubelentligi

19 Dekabr 2023
580

Täze ýyl şagalaňly bellenýän şanly baýramlaryň biridir. Dünýäniň ençeme ýurdunda bolşy ýaly, berkarar Watanymyzda hem bu sene ýokary ruhubelentlikde bellenýär. Ajaýyp baýramçylygyň toý öwüşginleri häzirki günlerde diýarymyzyň ähli ýerinde aýdyň duýulýar. Şäherçelerdir şäherlerimiz, sözüň doly manysynda, toý ruhuna beslenýär.

Halkymyz täze, 2024nji ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşylaýar. Geljek ýylda ulusilimiz beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçer. Türkmenistanyň teklibi boýunça bu senäniň 20242025nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde bellenip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Gadam ÖWEZNIÝAZOW,
Kaka etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 1nji derejeli ýurist.