Pyrtykal

21 Noýabr 2023
489

Möwsümleriň sepgidinde sagdyn bolmak üçin witaminlere baý önümleri iýmek juda peýdalydyr. Şu günler, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmekde, esasan hem, C witaminine baý bolan sitrus miweleriniň ähmiýeti uludyr.

Pyrtykal adamlar tarapyndan dünýäde iň kän sarp edilýän sitrus miweleriniň biridir. Ol dürli witaminlere baýdyr. Onuň düzüminde A, C, H, PP ýaly witaminler hem-de B witaminler toplumy bar. Şeýle-de pyrtykalyň düzümi beta-karotine, foliý turşusyna, kaliý, sink, demir, kalsiý, magniý, fosfor ýaly mineral maddalara baýdyr. Pyrtykaldaky flawonoidler hem-de kaliý ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar, şol sanda arterial gan basyşynyň durnukly bolmagyny üpjün edýär.

Aýjahan HOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Pediatriýa kafedrasynyň assistenti.