Ýertudana — saçaklaryň bezegi

24 Oktýabr 2023
1164

Ýurdumyzda miwelerdir ir-iýmişler ýyladyşhana şertlerinde hem giňden ýetişdirilip, olar ýokary hilliligi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän ýyladyşhanada hem importyň ornuny tutýan ýokary hilli ýertudanalary ýetişdirmekde iş alnyp barylýar.

— Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — telekeçilere döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýadawsyz zähmet çekýäris. «Tudana» haryt nyşany bilen sarp edijilere hödürlenýän ýertudanalaryň ýokary hilliligini, ekologiýa taýdan arassalygyny, terligini we tagamynyň datlylygyny gazanmak, amatly bahadan ak bazarlary üpjün etmek — biziň esasy maksadymyz — diýip, telekeçi Batyr Rawşanow gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».