Türk­me­nis­ta­nda ilkinji gezek kiçi we iri kärhanalar üçin mugt web saýtlar dörediler

10 Sentýabr 2023
1144

«Takyk ulgam» IT kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde «Tölegsiz web saýt» hyzmatyny ýola goýandygyny habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, bu ugurda dünýäniň iň häzirki zaman gazananlaryny ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak bilen bagly zerur işler alnyp barylýar. «Tölegsiz web saýt» hyzmatynyň maksady hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegine goşant goşmakdan, şeýle-de ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmekden we döwletimiziň ähli pudaklarynyň, edara-kärhanalarynyň sanly ykdysadyýete geçmegine ýakyndan ýardam bermekden ybaratdyr.