''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Guýyny özleşdirmekde iki fazaly köpürjik usulyny önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti

Häzirki wagtda ýurdumyzda işlenip geçilýän iri gazkondensat ýataklarynyň biri bolan Döwletabat gazkondensat käninde çykarylan tebigy gazyň göwrümine baglylykda başlangyç gatlak basyşy ep-esli derejede aşak düşdi. Bu ýagdaý bolsa, öz gezeginde, ulanyş guýularyny özleşdirmekde düýpli meseleleri ýüze çykardy. Pes gatlak şertlerinde guýyny suw ýa-da toýunly ergin bilen basmarlamak guýularyň önüm berijiligini peseldýär. Guýulary özleşdirmek we düýp çuňluk zolagy işlemek üçin köpürjik ulgamyny ulanmak has amatly diýlen netijä gelindi we ežektorly köpürjik generatory ulanmak peýdaly diýlip hasap edildi. EG-1 gaz ežektoryny kämilleşdirmek ýoly bilen gazsuwuklyk ežektory, ýagny ežektorly generator işlenip taýýarlandy. Iki fazaly köpürjik usul Döwletabat gazkondensat ýatagynyň 986-njy, 989-njy, 519-njy belgili ulanyş guýularynda önümçilige ornaşdyrylyp ulanyldy.

Halypa alym geolog

Aksakgal alym Ödek Akjaýewiç Ödekow 1934-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. 1951-nji ýylda Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebi üstünlikli tamamlaýar. 1956-njy ýylda Moskwanyň akademik I.M.Gubkin adyndaky nebitçilik institutyny dag-magdan inženeri — geofizik hünäri boýunça tamamlaýar. Zähmet ýoluna 1956-njy ýylda Moskwanyň nebitçilik institutyny tamamlanyndan soňra «Средазнефтегеофизика» trestiniň seýsmiki toparynyň inžener-interpretatory wezipesinde başlaýar. 1958-nji ýylda TSSR Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynyň aspiranturasyna okuwa girýär we ony 1961-nji ýylda tamamlap, şol institutyň uly ylmy işgäri wezipesinde işleýär. Ol «Goturdepäniň geologiki gurluşy we nebitliligi» temasy boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny Azerbeýjanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynda goraýar. 1971-nji ýylyň 6-njy aprelinde Ödek Akjaýewiç Moskwanyň akademik I.M.Gubkin adyndaky Nebithimiýa we gaz senagaty institutynda «Geologiýa-geofizika barlaglar boýunça Kaspiý-Köpetdag sebitiniň kaýnozoý gurluşy (strukturasy) tektonika ösüşiniň taryhy, emele geliş mehanizmi, klassifikasiýasy we nebit-gazlylygy» diýen tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. 1973-nji ýylda öňki Soýuzda ilkinji gezek oňa iki hünär — gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň ojagynyň gözlenilişiniň we agtarylyşynyň geofiziki usullary hem-de nebit we gaz ojaklarynyň geologiýasy, gözle

Teňňeşynas alym

Gadymy teňňeleri öwreniş ylmy bolan numizmatika dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip gelýär. Berkarar döwletimizde teňňeleri öwreniş ylmynyň düýbüni tutan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Tirkiş Hojanyýazowdyr.

Eýran we Türkmenistan ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiliklerini öwrenýär

"ISNA" habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň Ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen üç günlük duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tenologiýalar uniwersitetiniň wekilleri iki ýurduň ylmy kuwwatyny ösdürmekde we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň giň ýol açjakdygyny bellediler. Türkmen hünärmenleri nebit-himiýa, elektron we beýleki ugurlar boýunça Meşhediň Ylmy-tehnologiýa parkynyň mümkinçilikleri bilen tanyşyp, innowasiýa we tehnologiýa babatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Ylym ba­ra­da hem­me za­dy hem­me­ler­den köp bil­ýä­rin!

Fatih DIKMEN,türk ýazyjysy 50 sany gyzykly sowal hem-de jogap!

Nebit göteriji turbalar bilen önümli gatlaklar sazlaşykly işlände...

Gazlift guýularyň işleýşiniň netijeliligini artdyrmak, köp babatda, önümli gatlaklaryň häsiýetine, ýerasty enjamlaryň talabalaýyk işleýşine, sarp edilýän gazyň durnukly basyşyna, gazsuwuklyk garyndynyň strukturasyna, gazlift klapanlaryň takyklygyna, hasap boýunça dogry goýluşyna we beýleki parametrlere baglydyr. Şol bir wagtyň özünde, göteriji turbalardan suwuklygyň (nebitiň) kadaly çykarylmagy iş agentiniň (gazyň) berilýän möçberi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eger-de göteriji turbalar hasaplanyp bellenilen çuňluga goýberilen bolsa ýa-da gatlagyň önümliligine görä klapanlaryň sany göteriji turbalaryň ýerli-ýerinde goýulmagy bilen gabat gelýän bolsa, onda nebit çykarylyşyny artdyrmak, ýagny guýularyň hereketde bolmagyny geljekde kadaly ýola goýmak üçin berilýän gazy gaz paýlaýjy desgalarda (GPB, UPG-l, UBD) goýulýan ştuserleriň (şaýbanyň) kömegi bilen wagtal-wagtal sazlap durmak esasy düzgün hasaplanylýar. Käbir guýularyň göteriji turbalarynyň çylşyrymly şertlerde işleýänligi hem-de öňki çykarýan nebitinden az berýänligi sebäpli ýeňil abatlaýyşdan soň, olarda düzgün barlagyny amala aşyrmaklygy meýilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýar. Guýularda düzgün barlagyny geçirmek, esasan, ştuseriň diametrlerini üýtgetmek arkaly alnyp barylýar. Bu çäräniň geçirilmeginde kadaly tehnologik iş düzgünini kesgitleýji ölçegi — berilýän gazyň udel sarp edilişini azaldyp, köp nebit çy

Uglewodorodlaryň emele gelşi

Tebigy gaz ýeriň çökündi dag jynslarynyň gatlaklarynda ýygnanyp, düzüminde nebit bolan ýa-da arassa kükürtsiz gaz känini emele getirýär. Eýsem-de bolsa, tebigy gazlar näme? Tebigy gazlar, adatça, reňksiz bolup, ysy bolmaýar, nebit we gaz geologiýasynda tebigy gaz diýen adalga düzüminde uglewodorodlara degişli raetan hatarynyň agdyklyk edýän ýangyç gazlaryndan gelip çykýar. Tebigy gazlar erkin, utgaşykly we ugurdaş bolup bilýär. Erkin gaz — bu arassa gaz ýataklarynyň gazydyr. Utgaşykly gaz gaz-nebitli ýataklaryň «gaz börükli» gatlagynda nebit bilen gatnaşykda ýerleşýär. Ugurdaş gazlara nebitiň düzümindäki ergin gazlar degişlidir.

Buýan köküniň gym­mat­ly melhemi

Hä­zir­ki wagt­da bu­ýan kö­ki luk­man­çy­lyk­da iň köp ula­nyl­ýan der­man­lyk se­riş­de­le­riň bi­ri­dir. Onuň dü­zü­min­de bio­lo­gik iş­jeň mad­da­la­ryň dür­li to­pa­ry­na de­giş­li bir­leş­me­ler bo­lup, ola­ryň ara­syn­da gli­sir­ri­zin kis­lo­ta­sy hem bar. Bu önü­me ta­lap gün-gün­den art­ýar. Ol açyk sa­ry reňk­li kris­tal­lik mad­da bo­lup, so­wuk suw­da eremeýär. Gyz­gyn suw­da we eta­nol­da go­wy ere­ýär. Onuň ag­li­kon bö­le­gi bir esas­ly gli­sir­re­tin kis­lo­ta­sy bo­lup, 11-nji ug­le­rod ato­myn­da ke­to to­par sak­lan­ýar. Gant bö­le­gi glýu­ku­ron kis­lo­ta­sy­nyň iki mo­le­ku­la­syn­dan yba­rat­dyr. Gli­sir­ri­zin kis­lo­ta­sy or­ga­ni­k bir­leş­me­le­riň tri­ter­pen sa­po­nin­ler to­pa­ry­na de­giş­li çyl­şy­rym­ly hä­si­ýe­te eýe­dir. Ol bu­ýan kö­kün­de 8 — 24 gö­te­ri­me çen­li muk­dar­da sak­lan­ýar. Çig ma­lyň dü­zü­min­de am­mo­niý, ka­liý we kal­siý duz­la­ry gör­nü­şin­de bol­ýar.

Et ugurly jüýjeleri iýmitlendirmegiň biotehnologiýasy

Ýurdumyzda «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Ol ýurdumyzda amaly we düýpli ylmy barlaglary ýurduň ykdysady ýagdaýyndan, dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, bu ýokary okuw mekdebiniň garamagyndaky Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde biotehnologiýanyň usullaryny peýdalanmak arkaly ýerli çig mallardan oba hojalyk mallary üçin ot-iým garyndylaryny taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak we guşlaryň iýmitlendiriş rasionlaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň ýerli ot-iým serişdelerini giňden öwrenip, olary maldarçylykda we guşçulykda netijeli ulanmagyň usullaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak ylmyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň iýmitlendiriş rasionlarynda premiksler, witaminler, biogoşundylar bilen bir hatarda, mikroskopik suwotular hem giňden ulanylyp başlandy. Olara ýaşyl mikroskopik suwotulardan bolan hlorella hem degişlidir.

Söwda bilen baglanyşykly sözler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). EGREMÇE — dar halka, ýüzük.

Çökündileriň nebitgazlylygynyň görkezijileri

Institutymyzyň alymlary nebitgaz gorlary bilen bile duş gelýän ýerasty gatlak suwlarynyň aýratynlyklaryny indi 70 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda toplumlaýyn öwrenýärler. Çünki ýerasty gatlak suwlary nebitgaz ýataklarynyň emele gelmeginde, saklanylmagynda we dargamagynda aýratyn kesgitleýji orny eýeleýär. Olaryň emele gelşini, hereketini we himiki düzümini, fiziki häsiýetlerini, tebigy kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmak çökündileriň nebitgazlylygynyň görkezijisi hökmünde uly ähmiýete eýedir. Ylmy barlaglaryň netijesinde gatlak suwlarynyň himiki düzümi, onuň aýry-aýry elementleriniň mukdary boýunça çökündileriň nebitgazlylygynyň düzülen görkezijileri gözleg, barlag we agtaryş işleriniň meýilnamasy düzülende amaly taýdan ylmy teklipler görnüşinde önümçilikde peýdalanylýar. Alynýan maglumatlar nebitgaz görkezijileriniň üstüni ýetirýär. Gorlary hasaplamak we işläp geçmek baradaky gözükdirijileriň talaplaryna laýyklykda, gidrogeologik we gidrohimiki maglumatlar amaly taýdan degişli derejede peýdalanylýar. Olar gidrodinamiki şertleriniň häsiýetlendirilmegine we has takyk kesgitlenmegine ýardam berýär. Goturdepe nebitgaz käniniň günbatar böleginde gatlak basyşynyň derejesini saklamak üçin ýöriteleşdirilen gözegçilik guýulary arkaly deňiz suwlarynyň barlag gatlagyna kowulmak işleri ýola goýlup, gidrohimiki gözegçilik işleri amala aşyryldy. Netijede, gatlak basyşynyň, nebitsuw çägini

Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak ugrunda

Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, milli ylym ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulgamyň döremegi üçin ähli ylmy-barlag edaralaryny iň kämil tehnologiýalar, kompýuter we barlaghana enjamlary bilen doly üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bu ugurdan ylmy-barlag işlerine ýöriteleşen edaradyr. Institut tarapyndan, esasan, üç ugur — mineral, gidromineral hem-de uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak, himiýa, nebit-gaz senagaty we beýleki pudaklaryň önümçiligine ylmy-tejribe kömegini bermek, seljeriş işlerini, ylmy-önümçilik barlaglaryny hem-de derňewlerini geçirmek esasynda tehnologiýa resminamalaryny işläp düzmek, şeýle hem ýurdumyzyň suw, toprak, howa gurşawlarynyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek we baha bermek ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag, seljerme işleri alnyp barylýar. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» boýunça işlenip düzülen meýilnamanyň çäginde ylmy temalar boýunça hem-de şertnamalaýyn esasda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

ÝAŞ ALYM ELEKTROHEREKETLENDIRIJILERIŇ ÖŇÜNI ALJAK USULY OÝLAP TAPDY

Biotehnologiýa — ösüşiň döwrebap ugry

Milli ylmy ösüşleriň gözbaşynda duran esasy ugurlaryň biri-de biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýa — janly bedenleriň, olaryň ulgamlarynyň ýa-da biologik häsiýetleriniň önümçilikde ulanylmaga uýgunlaşmasydyr. Biotehnologiýa arkaly anyklaýyş serişdelerini, iýmitleri, dökünleri we dermanlary öndürmek mümkin. Biologiýa, himiýa we tehniki ylymlaryň özeninde dörän ylmy we tehnologik ösüşiň dersara ugruna biotehnologiýalar diýilýär. Gadymy döwürlerden bäri adamlar çörek bişirende, turşadylan gönezligi we kyrkgasanak şiresi bilen fermentlenen süýt önümlerini taýýarlamakda biotehnologik iş usullaryndan peýdalanypdyrlar. Şol döwürlerde mikroorganizmleriň kömegi bilen fermentasiýany amala aşyrmaklyk adamzadyň amaly işlerinde özüniň wajyp orundadygyny äşgär edip başlapdyr. Biotehnologik amallar bakteriýalary, hamyrmaýany, mikroskopik kömelekleri we suwotulary ulanmak bilen ýerine ýetirilýär. Munda döreýän dürli mümkinçilikler belli bir maddalaryň öndürilmegine şert döredýär. Häzirki wagtda biotehnologiýalar çalt depginlerde ösmek bilen ýlmy we tehnologik ösüşleriň öňdäki orunlaryny eýeleýär. Himiýanyň we fizikanyň gazananlaryna esaslanýan biologiýa ylmynyň has ösendigi üçin biotehnologiýa ulgamynyň işi has ilerleýär. Ylmy açyşlar milli ýkdysadyýetimizde, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda we daşky gurşawy goramakda juda ähmiýetli orna eýedir. Biohimiýa we molekulýar biologiýa pudagynda

Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär. Hünärmenleriň hatarynda şu oçerkiň gahrymany Aýjemal Ezizowa hem bolup, ol 30 ýyla golaý zähmet ýoluny Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna bagyşlady. Orta mekdebi tamamlandan soň, geljekki hünäri seçip almak Aýjemal üçin kyn düşmedi, çünki kakasy Baýmyrat Gurdow onuň üçin görelde bolup, halypa hünärmen tutuş zähmet ýoluny Döwletabat gazkondensatly käniniň işlenip taýýarlanmagyna bagyşlady.

Asman giňişliginde «Arkadag» ýyldyzy şöhle saçýar

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Milli Liderimiz bilen birlikde bu ajaýyp şäheriň barha meşhurlygy artýar, çawy dünýä dolýar. Her güni taryhy wakalara beslenýän ajaýyp Watanymyzda ýene-de bir ýatdan çykmajak waka şaýat bolmagymyz biz — ylym-bilim işgärleriniň göwün guşuny asmana göterdi. Ýagny «Kosmos-Ýer» jemgyýeti tarapyndan älem giňişliginde täze asman jisiminiň hasaba alynmagy we ol jisime hem bitiren ägirt uly il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üçin Milli Liderimiziň hormatyna «Arkadag» adynyň dakylmagy dünýä alymlar jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza goýulýan hormat-sarpanyň örän çäksizdigini äşgär etdi.

Innawasion ösüşleri nazarlap

Diýarymyzda ylmy ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim syýasatynda yzygiderli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi kämil nesil terbiýesiniň özenini düzýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Karary bilen ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynyň 6-sy tassyklandy hem-de bu ulgamy ösdürmäge, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kanunlaryňdyr döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak, olaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek innowasion ulgamy ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir.

Halkaraçy talyplar «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldular

9-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetinde bilim alýan talyp ýaşlar «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldular. Tomusky tanyşlyk hem-de önümçilik tejribeliklerini geçýän talyplar gazetiň döredijilik, maket, dizaýn işleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle-de redaksiýanyň degişli işgärleri talyplara gazete ýerleşdirilýän materiallaryň mazmun hem-de grammatik taýdan düzedilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini tanyşlykdyr önümçilik tejribeleriniň üsti bilen has-da berkitýärler. Olar öz okaýan ugurlary boýunça ýurdumyzyň pudaklaýyn we dolandyryş edaralarynda, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky tejribeliklerini geçýärler.

«Döwrüň belent ruhy bilen, öňe barýar bagtly ýaşlar»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda okaýan, dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň 107-si ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasaplaýarys.

Haşal otlar we olara garşy göreş çäreleri

Şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda gyzgalaňly döwür dowam edýär. Ekin meýdanlarynda gowaçalary ösdürip ýetişdirmek boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle işleriň biri hem gowaçalaryň ösüşine zyýan berýän haşal otlara garşy göreş çäreleridir. Haşal otlar ekinlerden öň gögerýärler we toprakdaky iýmiti we suwy peýdalanyp, hasyllylygy kemeldýärler. Haşal otlaryň ýaýran meýdanlarynda topragy bejermek, hasyly ýygnamak üçin geçirilýän işler kynlaşýar. Mysal üçin, çaýyr, gamyş ýaly köki ýüzde ýatýan köpýyllyk otlar gögeren meýdanlarda kultiwasiýa işlerini geçirmek kynlaşýar. Maşyn bilen ýygylan gowaça meýdanlarynda itüzüm ýaly miwesi we ýapragy köp bolan hem-de düzüminde suw saklaýan otlar gögerýän bolsa, pagta ýygylanda agregatlary yzly-yzyna ýuwup, arassalap durmaly bolýar.