Buýan köküniň gym­mat­ly melhemi

16 Awgust 2024
667

Hä­zir­ki wagt­da bu­ýan kö­ki luk­man­çy­lyk­da iň köp ula­nyl­ýan der­man­lyk se­riş­de­le­riň bi­ri­dir. Onuň dü­zü­min­de bio­lo­gik iş­jeň mad­da­la­ryň dür­li to­pa­ry­na de­giş­li bir­leş­me­ler bo­lup, ola­ryň ara­syn­da gli­sir­ri­zin kis­lo­ta­sy hem bar. Bu önü­me ta­lap gün-gün­den art­ýar. Ol açyk sa­ry reňk­li kris­tal­lik mad­da bo­lup, so­wuk suw­da eremeýär. Gyz­gyn suw­da we eta­nol­da go­wy ere­ýär. Onuň ag­li­kon bö­le­gi bir esas­ly gli­sir­re­tin kis­lo­ta­sy bo­lup, 11-nji ug­le­rod ato­myn­da ke­to to­par sak­lan­ýar. Gant bö­le­gi glýu­ku­ron kis­lo­ta­sy­nyň iki mo­le­ku­la­syn­dan yba­rat­dyr.

Gli­sir­ri­zin kis­lo­ta­sy or­ga­ni­k bir­leş­me­le­riň tri­ter­pen sa­po­nin­ler to­pa­ry­na de­giş­li çyl­şy­rym­ly hä­si­ýe­te eýe­dir. Ol bu­ýan kö­kün­de 8 — 24 gö­te­ri­me çen­li muk­dar­da sak­lan­ýar. Çig ma­lyň dü­zü­min­de am­mo­niý, ka­liý we kal­siý duz­la­ry gör­nü­şin­de bol­ýar.

Ma­ma­jan ŞÜ­KÜ­RO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hi­mi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň as­pi­ran­ty.