Ömrümiziň rahatlygy özümize bagly
Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek derwaýys meselä öwrülýär. Sebäbi, köçe-ýollarda ulaglaryň sany artyp, olarda gatnaw ýylsaýyn ýokarlanýar. Ak ýollaryň maşgalalarymyzyň abadanlygydygy bolsa, äşgär hakykatdyr. Abadan durmuşymyzyň aladasy köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir raýatyň hüşgärliginden başlanýar. Şeýle wezipäniň ýerine ýetirilmeginde ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine uly orun degişli bolup, biz welaýatymyzyň köçe-ýollarynyň hadysasyz bolmagynda zerur tagallalary edýäris. Ulaglaryň bellenilenden ýokary tizlikde sürülmeginiň, ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagynyň öňüni almak ýol-ulag hadysalarynyň aradan aýrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem biz sürüjiler tarapyndan beýleki düzgün bozulmalara ýol berilmezligi ugrunda aladalanýarys.