«Pantone» amerikan kompaniýasy çärýek asyrdan gowrak wagt bäri ýylyň reňkini saýlamak däbini dowam etdirip gelýär. «Pantone» tarapyndan geljek ýylyň reňki «ewokatiw ýumşak goňur» diýlip atlandyrylýan «PANTONE 17-1230 Mocha Mousse» saýlandy. Kompaniýanyň hünärmenleri bu reňke «duýgur we rahatlandyryjy ýylylyk beriji goňur reňk» diýip baha berýärler. Kakao, şokolad we kofeniň ýakymly duýgusyny berýän bu reňk adamy rahatlandyrýar.
«Pantone» reňk instituty her ýylyň dekabr aýynda indiki ýyl üçin haýsydyr bir reňki saýlaýar. Bu ýyl 26-njy gezek geljek ýylyň reňkini mälim eden «Pantone» kompaniýasynyň hünärmenleri ýumşak goňur reňkiň moda äleminde, dizaýn işlerinde, pop medeniýetinde we adam psihologiýasynda uly orun eýelejekdigini belleýärler. Ilkinji gezek 1999-njy ýylda ýylyň reňki saýlanyp, «Sky Blue» şol ýylyň reňki bolupdy. Üstümizdäki ýylyň reňki «Pantone 13-1023 Peach Fuzz» bolup, ýyly mämişi öwüşginde şöhlelendirdi.