''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Hünär derejesini ýokarlandyrmaga itergi beren mejlis

Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň 7-nji maslahaty geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Aýdym-sazly çykyşlar bilen dabaraly ýagdaýda açylan maslahat orta hünär okuw mekdebine degişli guralan sergi bilen utgaşdy.   

Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek hakyndaky Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek, döwlet gullukçysynyň etikasyny we özüni alyp barşynyň düzgün-kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgesini, temmäkä garşy göreşmek, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny, Magtymguly Pyragynyň eserlerini söwda toplumynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda düşündirmek, wagyz-nesihat etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ýeten belent sepgitleri, halkara abraýy, korrupsiýa garşy göreşmek, bagtyýar hem-de rowaç durmuşyň bähbidine gönükdirilen Milli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi dogrusynda pikir alşyldy.

Oýun ýaly usul arkaly Mani ýa-da pul harplygy ÜSTÜNLIGE we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 2. «ARZUW ALBOMY» WE «ARZUW TOPLANÝAN GUTY»

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Men hakyky gudrat gördüm

Çagalar sapaly dynç alýarlar

Ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, göwnejaý dynç almaklary, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilen. Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Şu günler körpe nesillerimiz Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar we saglyklaryny berkidýärler. Dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar eziz Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerine gezelenç edýärler, dürli ýaryşlara, döredijilik we zehin bäsleşiklerine höwesli gatnaşýarlar hem-de olar wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Şeýle hem Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen hepdeligiň çäklerinde bu ýerde dabaralar yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko — kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Oleg Ko­no­nen­konyň kosmos giňişliginde görkezýän netijelerine bu gün dünýä şaýat bolýar. Golaýda ol Ýe­re go­laý or­bi­ta­da je­mi 1000 gi­je-gün­di­zi ge­çi­ren dün­ýä­de il­kin­ji adam bol­dy. Bu ba­ra­da «Ros­kos­mo­s» döwlet korporasiýasyna sal­gy­la­nyp, TASS habarlar agentligi ha­bar ber­ýär.

To­mus ýat­la­ma­la­ry

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 To­mus pas­ly çog­ly ys­sy­sy bi­len bir ha­tar­da ýü­rek­le­ri­miz­de go­ýan ýat­la­ma­la­ry bi­len hem kal­by­my­za ýy­ly­lyk eçil­ýär. Ça­ga­jyk­la­ryň söý­gü­li pas­ly to­mus uly-ki­çi hem­me­le­riň dynç al­ýan pas­ly. Maş­ga­la bo­lup gu­ral­ýan ge­ze­lenç­ler, sy­ýa­hat­lar to­mus pas­ly­nyň kal­by­myz­da ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry bi­len ar­zy­lan­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri­dir.

Zergärçilik sungatyna bagyşlandy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan yglan edilen «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry jemlendi. Welaýat merkezindäki medeniýet öýünde geçirilen nobatdaky tapgyra gatnaşan zergärler bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, senetçiligiň nesilden-nesle geçip gelýän däpleri, zergärçilik sungatyna degişli işleriň özboluşly aýratynlygy barada gürrüň berdiler, zergärçilik işiniň bir bölegini ýerine ýetirmekde başarnyklaryny görkezdiler, öz döreden zergärçilik işini labyzly okan goşgudyr gazalynyň, ýerine ýetiren aýdymynyň üsti bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň netijesinde ýaş zergärler Dörtguly Tüýliýew hem-de Ogulgerek Ataballyýewa ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ekologik abadançylygy üpjün etmäge bagyşlanan kitap

Gyzyl kitap ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny goramaga, baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem-de ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi baradaky gymmatly ylmy işdir. Şu jähetden, 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi bütin halkymyzy buýsandyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine kitabyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli Gutlagyny iberdi. Onda nygtalyşy ýaly, eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir.

Şatlykly günleriň owazy (Şadyýan tomus — 2024)

Her paslyň öz aýratynlygy, uzak wagtlap ýatdan çykmajak pursatlary bolýar. Tomus pasly hem dürli ýaşdaky, aýratyn-da, bagtyýar çagalar üçin iň gyzykly, şatlykly pursatlara baý pasyllaryň biridir.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) EGER ILKINJI GÜNLERDE TERBIÝE BABATDA GELEŇSIZLIGE ÝOL BERILSE, SOŇ TERBIÝEDÄKI ÝETMEZÇILIGIŇ ÖWEZINI DOLDURYP BOLMAZ

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Ruhy hazyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň wekillerine döredijilik hem hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge, täze-täze eserler bilen ruhy gymmatlyga teşne göwünleri gandyryp durmaga mümkinçilikleri artdyrýar. Häzirki wagtda medeni hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak üçin medeniýet ulgamynyň işlerini utgaşdyrmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwlet teatrlarynyň, sirkiň, kinokonsert merkezleriniň, döwlet muzeýleriniňdir kitaphanalarynyň birnäçesi halka döwrebap hyzmat edýär.

Şadyýan günler

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýaş nesliň döwrebap bilim, dynç almagyna ähli şertler döredilýär. Çagalaryň birnäçesi Gyzylarbat etrabynda 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýarlar. Ir säherden başlanýan maşklar, keremli daglaryň gujagyna ýörişler çagalaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Tomus günlerinde sergin howaly jülgäniň gözelligi çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. «Dürdäne» sagaldyş merkezinde gyzykly kitaplary okamak, olar boýunça sowal-jogap alyşmak, geçirilýän dürli bäsleşiklerdir Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, haly fabrigine we beýleki gözel ýerlere guralýan gezelençler çagalaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Olaryň her gününi gyzykly geçirmek ugrunda terbiýeçiler döredijilikli zähmet çekýärler. Ata-eneler çagalarynyň gowy dynç alýandyklaryna tüýs ýürekden guwanýarlar. Goý, asuda Watanymyzda çagalaryň gülki sesleri elmydama ýaňlanyp dursun!

Awazadaky bäsleşikler

Bilşimiz ýaly, eziz Diýarymyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem şowhunly çäreler, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri biri-birine ulaşyp, şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşi tarapyndan «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşikler hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy. Olara gatnaşan çagalar çägeden şekilleri ýasamak, milli oýunlar we tanap çekişmek boýunça bäsleşdiler. 

Bilim boýunça özara hyzmatdaşlyk

Şu gün — 7-nji iýunda Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşiniň 7-nji mejlisi geçirildi. Oňa ady agzalan orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, hünärmenleri we talyplary gatnaşdy. Okuw-usuly geňeşiň mejlisinde Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň ýolbaşçylary we mugallymlary çykyş etdiler.

Çagalaryň hezil günleri dowam edýär

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç», şeýle hem Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde welaýatymyzyň bagtyýar nesilleri üçin tapgyrlaýyn dynç alyşlary guraýar. 2-nji iýunda bu merkezleriň ikisine-de çagalarymyz ugradylyp, şu günler olarda möwsümiň birinji tapgyry dowam edýär. Deňiz ýakasyndaky merkezde häzirki günlerde iki mugallymyň ýolbaşçylygynda welaýatymyzyň dürli etrap-şäherlerine wekilçilik edýän çagalaryň 43-si dynç alýar. Birinji tapgyr 11-nji iýuna çenli dowam eder.

Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

Gozgalmaýan emläge bolan hukuk ildeşlerimizi hemişelik gyzyklandyrýan meseleleriň biridir. Ýurdumyzda bu hukuklar bilen bagly kabul edilýän kanunlardan habarlylyk we olara içgin düşünmek raýat hökmünde olaryň borjudyr. Şundan ugur alyp, bölümimiz tarapyndan ilatyň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini ýygy-ýygydan geçirýäris. Şol duşuşyklarda ildeşlerimiz tarapyndan berilýän dürli mazmunly sowallara jogap berip, olaryň kanuny sowatlylygynyň artmagyna ýardam edýäris.

Hezilliklere beslenen dynç alyş üçin

Welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi tarapyndan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde olaryň köçe-ýol hereketleriniň kadalaryny dogry berjaý etmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär. Şolaryň arasynda wagyz-nesihat işleriniň aýratyn uly paýy bardyr. Möwsümde çagalar, köplenç, ata-eneleriniň ýa-da dynç alýan merkezlerinde mugallymlarydyr terbiýeçileriniň gözegçiliginde bolýarlar. Welaýatymyzyň çägindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň golaýyndaky köçelerde polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçeleriniň işgärlerinden gije-gündizleýin nobatçylyk goýulýar. Şeýle hem çagalar ulagly gezelençlere alnyp gidilende, ýol gözegçileri ýörite ulaglarda öňbaşçy bolup hereket edýärler. Çagalaryň toparlaýyn ýagdaýda köçeleri we çatryklary kesip geçýän ýerlerinde olaryň ýolyşygyň duýduryşlaryna laýyklykda hereket etmegi gazanylýar. Ýolyşyklaryň bolmadyk ýerinde bolsa ýol gözegçileri tarapyndan ulaglaryň hereketi togtadylyp, çagalaryň ýoldan howpsuz geçmegi üpjün edilýär.

Halk arzuwy wysal boldy

Darganata etrap häkimliginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Oňa etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hem gatnaşyp, beýik şahyryň döredijiligi hakynda täsirli çykyş etdiler. Çärede çykyş edenler näçe asyr geçse-de, öz Watanyny söýmäge, agzybirlige we dost-doganlygy berkitmäge çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyrlarynyň ýüreklerde mynasyp orun alandygyny aýratyn nygtadylar. Magtymguly Pyragynyň mähriban topragymyzyň hakyky watançysydygy, onuň halkymyzyň öz döwletini gurmak baradaky arzuw-isleglerini aýdyň we çeper beýan edendigi, bu gün şol arzuw-islegleriň amala aşandygy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kämil türkmen döwletiniň ösüşlerden ösüşlere barýandygy hakyndaky söhbetler örän täsirli boldy. Çärede beýik şahyryň goşgulary hem okaldy.