''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Baky bagtymyzyň gözbaşy

Türkmen topragyna dolan altyn güýzüň rysgal-berekede beslenen sahawaty desterhanlarymyzyň naz-nygmatyna bolluk paýlap, gözüňi dokundyrýar. Bagtyýar maşgala ojagymyzda giňden ýazylan toý saçagynyň başynda şükürlilik bilen mele-myssyk çöregimizi ýüze sylyşymyza, galkyjaklap duran kalbymyzyň begenç-buýsanjyny ýürege jaýlap, bu eşretli döwür-döwrany arşyň belentligine galyp, wasp etsem diýersiň. Ine, şonda kalbyň arşyň depesinde ganat kaksa-da, özüň guşuçar belentlikden bagta çümüp oturan türkmen topragyna maýyl bolup göz aýlarsyň. Göz aýlarsyň hem-de Alla nazary düşen bu sahawatly topragyň goýnunda gaýrata galyp, iş gaýryp ýören türkmen aganyň uly iliň soltany hasaplaýan bugdaý ekişini, «ak altyny» ak bagtyna deňeýän pagta ýygymyny, her dänesi atyň dişi deý şaly ýetişdirişini, saçaklarymyza süýjülik bolup dolýan gant şugundyryny bakyp-bejerişini synlarsyň, agyp-dönüp ýören mal-garasyna guwanarsyň. Şäher bilen bäsleşýän obalaryna, köşgi-eýwana beslenýän şäherlerine buýsanarsyň. Ýöne seniň synçy nazaryňy özünde eglejek iň esasy zat welin, bu mukaddeslikleri maňlaýyna sylyp, toýly günleriň dowamatyny dowamata sapyp ýören türkmen aganyň bagtyýarlygydyr. Ine, şol bagtyýarlygy bize mukaddes Garaşsyzlygymyz berdi. Bu günki gün biz onuň 33 ýyllygyny baýram etmek bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlan garaşsyzlygynyň halkymyza beren eşret-sapalaryny, milli gymmatlygymyz hökmündäki belent derej

Aýdyň maksatlar dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle ajaýyp jümleler bar: «Owal-ahyr hemişelik badalgamyz Watandyr». «Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdür. Biz döwletimiziň güýjünden güýç alýarys. Döwletimiziň ady bilen buýsanýarys, abraýy bilen beýgelýäris» diýlip, parasatlylyk bilen Watanyň mukaddesligine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen türkmen döwleti häzirki wagtda hemmetaraplaýyn ösüşleriň nusgawy ýoluny äleme äşgär etdi. Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan esasy wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar Diýarymyzda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslary, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär. Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak baradaky işler has-da kämilleşdirilýär. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny amala aşyran belent maksatlary, gazanan beýik ösüşleri, gündelik üstünlikleri bilen mynasyp toýlaýar. Şunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabat hem-de şöhratly geljegiň şäheri — Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Arkadag şäheri häzirki wagtda rowaçlygyň, döredijiligiň, gurmagyň we döretmegiň asylly nusgasyny görkezip, türkmeniň beýi

Doganlygyň mähri bilen

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzy sanlyja ýylyň içinde tanalmaz derejede özgertdi. Türkmen bu gün alyslary ýakynlaşdyrýan adalat ýollaryny, agzybirlik ýollaryny gurýar. Bu ýollarda türkmen döwleti baky Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň esasynda amala aşyrylýan umumadamzat bähbitli belent maksatlar bilen dabaralanýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär» diýip, jaýdar belleýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde ýerleşip, bu gün Merkezi Aziýa bilen Kawkazy, Ýewropany, Uzak Gündogar ýurtlaryny hyzmatdaşlyga çagyrýan ulag ýollaryny gurýar. Türkmen-owgan gatnaşyklary gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy hyzmatdaşlygy özünde jemleýär. Golaýda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda iki halkyň ykdysady we syýasy gatnaşyklaryny has hem pugtalandyrjak iri taslamalaryň açylmagy we täzeleriniň gurluşygyna badalga berilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Beýik milli buýsanjymyz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenip, täze taryhy zamanamyzyň ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ynha, 33 ýyl mundan ozal halkymyzyň özygtyýarly döwlet gurmak baradaky isleg-arzuwynyň wysalyna gowuşmagy netijesinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanun kabul edilip, ata Watanymyz Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Beýik milli buýsanjyna — Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. Toýlary toýa ulaşýan berkarar döwletimizde Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, joşgunly baýramçylyk dabaralarynyň, maslahatlaryň we sergileriň guralmagy ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşup, kalplaryna egsilmez ylham berýär. Bu günki gün ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bütin dünýäde ykrar edilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi: aýdyň wezipeler, belent maksatlar

Üstünlikleriň we rowaçlyklaryň sakasynda

Garaşsyzlyk — ösüşleriň aýdyň ýoly

Annagül PENJIÝEWA, Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Ýurt garşy alsyn!

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy gutly bolsun, eziz ildeşler! 20-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Garaşsyz Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirdi. Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirildi.

Asylly ýörelgeler dowamat

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz belent maksatlar, asyrlar aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly ösüşler bilen öňe barýar. Mundan 33 ýyl ozal ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen, güneşli Diýarymyzyň nurana geljeginiň we şanly rowaçlyklarynyň sarsmaz binýady tutuldy. «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen dana nakyl yklymlar içre meşhur bolupdyr. Merdana Oguz hanyň nesilleri bolan ata-babalarymyz dünýäde ýetmişden gowrak döwleti esaslandyryp, onuň binýadyny berkden tutupdyr. Şol döwletlerde tutuş adamzadyň ykbalyna, umumadamzat aňyýetiniň ösüşine täsir eden ruhy galkynyşlar, ykdysady özgerişler amala aşyrylypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz sanlyja ýylyň içinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykaryldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiz bu gün beýik ösüşleri bilen görenleri haýrana goýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir raýatynyň baş maksady Watanyň gülläp ösüşine goşant goşmaga gönükdirilendir. Bu gün türkmen ýaşlary hem yhlasly okap, hyjuwly öwrenip, ýadawsyz işläp, kämilleşip, ylym-bilim alyp, Watanymyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlar ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, sungatda ukyp-başarnyklaryny görkezip, halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeläp,

Agzybir il bagta ýeter

Mälim bolşy ýaly, ertir hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň belent tutumlary bilen galkynýan ýurdumyzda ähli halkymyz agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlar. Ata Watanymyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde aýdym-sazyň joşguny belentden ýaňlanar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Her ýyl baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bu maslahatda ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda asuda ýaşaýşynyň belent derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli kararlaryň birnäçesi kabul edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň mähriban paýtagtymyzyň ak mermere beslenen keşbine ornan baýramçylyk öwüşginleri Aşgabadyň toý joşgunyny özboluşly şöhlelendirýär. Ak şäherimiziň nurana köçeleriniň, şaýollarynyň ugrundaky elektron tablolarda ruhubelent şygarlaryň, «Garaşsyz Türkmenistana 33 ýyl» ýazgylarynyň ýazylmagy, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna bökdençsiz hyzmat edýän döwrebap awtobuslaryň ýüzünde: «Halk Maslahaty: bagtyýar geljek, täze maksatlar», «Döwlet adam üçindir!», «Pyragyň arzuwlan zamany geldi», «Biz bilelikde beýik geljegimizi gurýarys!», «Halk Maslahaty: demokratiýanyň we jebisligiň aýd

Halkymyzyň göterilen ykbaly

27-nji sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy barada söhbet edilende, ajaýyp duýgy, guwanç, buýsanç kalbyňy gaplap alýar. Bu ýöne ýerden däl, çünki «Garaşsyzlyk» diýlen düşünje, ilkinji nobatda, erkana durmuş, milli bitewülik, ata Watana, ene topraga söýgi bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr.

Şanly toýuň şanyna

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçiren aýdym-sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. «Gahryman Serdarly berkarar Diýar şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar» diýen at bilen geçirilen dabarada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlary dogrusynda söhbet edildi. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy. Egsilmez buýsanja beslenen çärede aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Soňra baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy ýetirildi.

Garaşsyzlyk — baýramlaryň seresi

Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilýän Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolandygyny, berkarar döwletiň, bagtyýar durmuşyň eýesidigini alamatlandyrýan şanly senedir. Şatlyk-şowhunly dabaralar bilen bellenilip geçilýän baş baýramymyz ýyllar geçdigiçe täze röwşe, baý many-mazmuna eýe bolup, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýan tutumly işleriň, ägirt uly taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Ähli pudaklarda düýpli özgertmelere badalga berlip, döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hatarynda ymykly orun aldy. Däp-dessurlarymyz gaýtadan dikeldilip, milli mirasymyz dünýä ýaýyldy. Daşary ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlyklara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ösüş-özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Bagtdan paýly, toýdan serpaýly

Garaşsyzlyk kalby Garagum sährasy ýaly giň, sabyrly we sahawatly halkymyzyň baky bagtynyň, erkinliginiň kepili, Watana bolan çäksiz söýgüsiniň beýik aňlatmasy bolup dabaralanýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlykdan galkynan döwletimiz bu gün ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetip, türkmen halky eşretli günleriň hözirini görýär, bagtyýar döwrümize, berkarar döwletimize guwanyp we buýsanyp ýaşaýar. Mähriban halkymyz eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem öňe gidip, ösüşiň täze sepgitlerine ýetmegi üçin agzybirlikli zähmetiň nusgasyny görkezýär. Her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Garaşsyzlyk baýramyna ýurdumyzda uly taýýarlyk görüldi. Her bir raýat öz iş ornunda Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna zähmet sowgady bilen barmagy maksat edindi. Ähli pudaklarda gazanylýan ýokary görkezijileriň şaýady bolanyňda, bu maksada ýetilendigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu zähmet üstünlikleri, baş baýramymyz mynasybetli guralýan dabaraly çäreler bolsa merdana hem zähmetsöýer halkymyzyň bagtdan paýly, toýdan serpaýly milletdiginiň subutnamasy bolup durýar.

Döwletliligiň belent ykrarnamasy

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň göterilen ykbalydyr we milli buýsanjymyza öwrülen mukaddeslikdir. Ol halkymyzyň şöhratly geçmişine buýsanjy, ösüşlere beslenýän şu gününe, röwşen geljegine belent ynamydyr. Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Mukaddes Garaşsyzlyk Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, kanunyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy aýratynlyklaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Erkinligi, mertebesini baýdak edinen halkymyz üçin Garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejede giňden bellenilýän akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar. Onuň:

Garaşsyzlyk toýun tutýar Watanym

Şatlyk-şowhuna beslenýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy şeýle atlandyryldy. Welaýat merkeziniň Baş baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.  Medeniýet we sungat ussatlarynyň, zehinli talyplaryň joşgunly çykyşlary türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleri bilen tapawutlandy. Täsirli çykyşlar çuňňur many-mazmuna beslenip, şol many-mazmun beýik Garaşsyzlygymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmelerine, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan synmaz söýgini özünde jemledi. Şonuň üçinem täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň köptaraply üstünliklerine, dünýä dolan şan-şöhratyna agzybir halkymyzyň buýsanjynyň, guwanjynyň çäksizdigini aýdyňlyk bilen görkezen çuň mazmunly çykyşlara baý bolan baýramçylyk çäresi ýurt berkararlygymyzyň şanly senesini şöhratlandyran toý dabaralarynyň hataryny artdyrdy. 

Sarpaňyza, sylagyňyza söz ýetmez

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni Pähimdar ata-babalarymyzyň «Garry — öýüň sütüni», «Garryly öý — gaznaly öý»,  «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg» ýaly nakyllary halkymyzyň ýaşululara goýýan hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar. Bu hormat-sarpanyň häzirki döwürde öňküdenem artandygyny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesilleriň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.

Şu günüň we geljegiň aýdyň ýoly

Pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlap gelen Garaşsyzlygy ajaýyp zamanamyzda mukaddeslik derejesine göterilýär. Başymyzyň täji eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň bagtynyň çüwmegidir, eşretli şu günümiziň, röwşen geljegimiziň aýdyň ýoludyr. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, halkara giňişlikde binýady berkden tutulan döwletdigini äşgär etdi. Ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülmegi bolsa, buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Şonuň üçin Garaşsyzlygymyzyň her bir şanly senesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan ak ýolunda ösüşlerimiziň ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Ykballaryň, ýürekleriň birligi

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryny wysal edip, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň jaýdar nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda ösüşlere, belent sepgitlere ýetdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Ýurdumyz ykdysadyýeti ýokary depginde ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun aldy. 

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Ajaýyp Diýarym bar meniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň adynyň Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä dolanyna 33 ýyl bolýar. Garaşsyz döwletli bolmak arzuwy ençeme asyrlap, halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde, tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir. Olar özbaşdak döwletli bolmagyň nähili uly borçdugyny, döwleti berkitmegiň öz ykballaryna düşen mukaddes paýdygyny her ädimde duýýarlar.