Doganlygyň mähri bilen

25 Sentýabr 2024
350

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzy sanlyja ýylyň içinde tanalmaz derejede özgertdi. Türkmen bu gün alyslary ýakynlaşdyrýan adalat ýollaryny, agzybirlik ýollaryny gurýar. Bu ýollarda türkmen döwleti baky Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň esasynda amala aşyrylýan umumadamzat bähbitli belent maksatlar bilen dabaralanýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär» diýip, jaýdar belleýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde ýerleşip, bu gün Merkezi Aziýa bilen Kawkazy, Ýewropany, Uzak Gündogar ýurtlaryny hyzmatdaşlyga çagyrýan ulag ýollaryny gurýar.

Türkmen-owgan gatnaşyklary gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy hyzmatdaşlygy özünde jemleýär. Golaýda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda iki halkyň ykdysady we syýasy gatnaşyklaryny has hem pugtalandyrjak iri taslamalaryň açylmagy we täzeleriniň gurluşygyna badalga berilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Arzygül ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.