Şirmaýy darak
Türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligine gözellik goşýan şamar saçlaryny nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri öz eserlerinde tarypladylar. Saçlaryň hakyky şamar bolmagy üçin bolsa, hemişe oňat ideg zerur bolupdyr. Şonuň üçin-de gyz perzentleri bolan ene-mamalarymyz olarda çagalygyndan saçlaryny arassa saklamak, örüp, timar bermek, daramak ýaly işlere söýgi döredip, öwredip, bu işlerde görelde bolup gelipdirler. Ir döwürde türkmen durmuşynda ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz saçlaryny daramak üçin kerkaw, tut, erik ýaly agaçlardan, şeýle-de şirmaýydan ýasalan daraklary ulanypdyrlar. Käbir barjamly, gurply maşgalalarda saç daramak üçin kümüşden, misden ýasalan daraklar hem peýdalanylypdyr. Ene-mamalarymyzyň başdarak diýip atlandyran daraklarynyň arasynda naýbaşysy şirmaýy darak bolupdyr. Aslynda şirmaýy — piliň süňkünden ýasalan diýmekdir. Şeýle başdaraklar ata-babalarymyzyň «Bereket ýoly» diýip atlandyran Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen Hindistan, Hytaý ýaly alys ýurtlardan türkmen topragyna getirilipdir. Şeýle daraklar berkligi, ulanmaga oňaýlylygy bilen tapawutlanypdyr. Ata-babalarymyz piliň süňkünden ýasalan şirmaýy ýaly berkden ygtybarly daragy ýasamagyň hem ussady bolupdyrlar. Munuň üçin ençeme ýyllap guýynyň düýbünde ýatan tut agajy ulanylypdyr. Ýene bir çig mal hökmünde düýäniň injik süňki peýdalanylypdyr. Ugur-ýol bilýän pederlerimiz düýäniň injik süňküni ownuk kömür bilen ýere