''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Parahat geljegi gurmagyň ýolunda

Kaha IMNADZE,BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy. Hormatly Türkmenistanyň raýatlary!

Dost-doganlyk dabaralanýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlanýan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul edilmeginiň 29 ýyllygy parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýar. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiz ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna Bitaraplygymyzyň gojaman taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprülerini gurmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny, ugurlaryny emele getirmek babatda gymmatly tejribe toplady.

Baky bagtyň goýnunda

Ýurdumyz dünýä bileleşiginde diňe bir Garaşsyz döwlet hökmünde däl-de, eýsem, parahatçylygy we asudalygy hakykat ýüzünde goldaýan hem-de olaryň ähli ýerde amala aşmagy üçin ähli tagallalary edýän döwlet hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyz bitaraplyk ýörelgesine eýerip, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöretmegi netijesinde tutuş dünýäde abadançylygyň we dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýar. Pederlerimiz ähli döwürlerde-de ýüze çykan özara düşünişmezlikleriň güýç we ýarag ulanmak ýoly bilen çözülmeginiň tarapdary bolmandyr. Olar islendik dawanyň gepleşikler geçirilip, maslahatlaşyp çözülmegini ýörelge edinipdir.

Maslahat geçirildi

Düýn — 9-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty — nazary we amaly tejribe» diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýaş diplomatlar mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Ol umumy mejlisden we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty — sebitde we dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň kepili», «Hemişelik Bitaraplyk: parahatsöýüjilik we ynsanperwer gymmatlyklarynyň binýady», «Halkara ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň orny», «Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň, durnuklylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň özeni» ýaly birnäçe bölümlerden ybarat boldy.

Ynsanperwerlik we hoşniýetlilik

ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan beýik gymmatlyk hökmünde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda dünýäde asudalygy, howpsuzlygy goramakdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda giň gerimli we dostlukly gatnaşyklary ösdürmegine kuwwatly itergi berýär. Döwletimiz oňyn Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan esasy ugurlara we ýörelgelere eýermek bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we durmuş-ykdysady ugurlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly ýörelgeleri alyp barýar.

Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalaryň barha artýandygy hemişelik Bitaraplygymyzyň hem-de «Açyk gapylar» syýasatynyň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Halkara gatnaşyklarda gazanan milli tejribämiz bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk halkara hukuk derejesi öz ähmiýetini barha artdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň döredilmegi bolsa ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň parahatçylyk söýüjilige, özara bähbitli hyzmatdaşlyga we hoşniýetli gatnaşyklara daýanýandygynyň möhüm görkezijisidir.

Bitaraplyk — parahatçylyk we dostluk ýörelgämiz

Hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biz ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrmak bilen, halkara gatnaşyklarymyza aýratyn häsiýet berýäris. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry biziň halkymyz üçin diňe bir ähmiýetli sene bolman, eýsem, ol, hakykatdan-da, ykbal çözüji pursada we Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynyň okgunly ösüşiniň ýol görkezijisine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen hoşniýetli erke daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýörelge Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär.

Bagtyýar çagalygyň waspy («Merdana nesil — 2024»)

7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän körpe nesiller gatnaşdylar. Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik üç şert boýunça geçirildi. Onuň birinji şertinde eziz Watanymyza, merdana halkymyza bolan söýgi, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, asylly ýol-ýörelgelerine belent sarpa, bagtyýar döwrümize bolan buýsanç çeper sözüň üsti bilen beýan edildi. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa aýdym-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan uly ösüşler, dost-doganlyk, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.

Hoşniýetli ýörelgeleri dabaralandyryp

Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün edýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, bu ugurda halkara resminamalara goşulyşmaga we şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. ürkmenistan ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny öňe sürmek bilen, şunda parlament diplomatiýasyna möhüm gural hökmünde garaýar. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly diplomatiýanyň bu görnüşini işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklar kanun çykaryjylyk we parlament işlerinde tejribe alyşmaga, ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda, halkara guramalaryň, Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «ÝHHG-niň çäginde parlam

Türkmenistanyň bitaraplygy

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­niň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu ta­ry­hy çöz­güt di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň dost­luk we pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha bol­man, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze, mö­hüm tap­gy­ry­na ga­dam ba­san­dy­gy­ny gör­kez­di. Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da dur­nuk­ly­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, di­ňe bir se­bit­de däl, tu­tuş dün­ýä­de hem pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň nus­ga­sy­na öw­rül­di.

Il­deş­le­ri­mi­ziň baý­ram­çy­lyk gut­lag­la­ry

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ýa­şu­ly ne­sliň wekili:

Mu­kad­des gym­mat­lyk­

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we pe­der ýo­lu­ny üs­tün­lik­li do­wam ed­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de be­lent mer­te­bä eýe bol­ýar we dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan özü­niň bu hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­li ösü­şi üp­jün et­mek ug­run­da tä­ze baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär we uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Dün­ýä äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän ýur­du­myz halk­la­ry bir­leş­dir­mä­ge, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Çün­ki ta­gal­la­laryň bir­leş­di­ri­len we ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ri­len ýe­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň bol­jak­dy­gy hem-de ösüş­le­riň ga­za­nyl­jak­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim­dir. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň şeý­le ýö­rel­ge­ler­den bin­ýa­dy dü­zü­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň BMG ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy­na esas bol­ýar.

Parahatçylygyň berk binýady

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny öza­ra hor­mat goý­mak we deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­si­ne la­ýyk­lyk­da alyp bar­ýar. Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mak­sat­la­ry­na, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Bu ýö­rel­ge Türk­me­nis­ta­n dün­ýä halk­la­ry­ny ýa­kyn­laş­dyr­ýan, yla­laş­dy­ry­jy mer­kez, şeý­le hem iş­jeň sy­ýa­sa­ty yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let hök­mün­de Ýer ýü­zü­ne ta­nat­dy.

Dünýä nusgalyk ýol

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.

Bitaraplyk

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 1995-­nji ýy­lyň 12­-nji de­kab­ry türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Bi­ziň ýur­du­myz tu­tuş dün­ýä­de yla­laş­dy­ry­jy mer­kez­le­riň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­di. Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan özü­niň oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na he­mi­şe yg­rar­ly bo­lup gal­ýar. Biz özü­mi­ziň bü­tün dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy hem-­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­le­ri­mi­zi gy­şar­nyk­syz dur­mu­şa ge­çi­re­ris.

Bitaraplyk — milli ýörelgämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly, parahatçylygy, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga uly mümkinçilikleri açýar. Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Daşary döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygyny, parahatçylygy ýaýbaňlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň dünýä ýüzünde goldanylýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu türkmen halkynyň öňden gelýän milli ynsanperwer däpleriniň mazmunynyň bütin dünýäde ykrar edi

Asudalygyň we hoşniýetliligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi has-da belende galýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz bütin dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň özi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýändigine doly güwä geçýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mizemez gymmatlygymyzdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär.

Dünýä nusgalyk ýörelge

Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynda bu goja Zeminiň hemmämiziň mähriban öýümizdigini ýatladýan, ynsanperwerligiň naýbaşy bolan durmuş hakykaty jemlenýär. Berkarar döwletimiz mydama dünýä ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň has çuňlaşdyrylmagynyň, parahatçylyk ýörelgeleriniň has berkemeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, daşary syýasatda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu müdirlik bilen geçen döwürde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi.

Parahatçylyksöýüjilikli syýasat dabaralanýar

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine doly derejede peýdalanýan Bitarap döwlet hökmünde tanalýar. Mekdebimizde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan saz-söhbetli dabarada edilen çykyşlarda bu barada täsirli we gyzykly gürrüň edildi. Dürli döwürlerde türkmenleriň parahatçylyk ýollaryny ulanyp, iň kyn meseleleri hem çözendikleri barada getirilen mysallar baýramçylyk çäresiniň many-mazmunyna üýtgeşik bir öwüşgin çaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde belleýşi ýaly, türkmenler öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanypdyrlar. Hut şu eserde Şükür bagşynyň öz doganyny sazyň güýji bilen ýesirlikden boşadyşy beýan edilýär. Bu hem türkmeniň parahatçylyksöýüjilikli ýörelgeleriniň özboluşly dabaralanmasydyr. Hindistanyň paýtagty Deli şäherindäki ajaýyp köşgüň derwezesiniň «Türkmen derwezesi» diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýerden däldir. Ol türkmenleriň ata-babalarynyň iki dostlukly halkyň arasyndaky medeni-edebi gatnaşyklary ösdürmekde bitiren uly hyzmatlarynyň özboluşly subutnamasy hökmünde häzirki günlerde hem goralyp saklanylýar. Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň merkezinde M

Baky berkararlygyň binýady

Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Döwletimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamany gaýtadan kabul etdi. Bu bolsa hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň biziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzy ykrar edýändigine ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.