Bagtyýar çagalygyň waspy («Merdana nesil — 2024»)

9 Dekabr 2024
186

7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän körpe nesiller gatnaşdylar.

Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik üç şert boýunça geçirildi. Onuň birinji şertinde eziz Watanymyza, merdana halkymyza bolan söýgi, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, asylly ýol-ýörelgelerine belent sarpa, bagtyýar döwrümize bolan buýsanç çeper sözüň üsti bilen beýan edildi. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa aýdym-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan uly ösüşler, dost-doganlyk, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.