''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Maşgala ojagy mukaddesdir

Nesil terbiýesinde milli ýörelgelere daýanmak parasatly pederlerimizden bize miras galan asyllyk ýol-ýörelge bolmak bilen birlikde biziň her birimiz üçin mukaddes borç bolup durýar. Ata-babalarymyzyň her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilliginiň maşgala ojagyndan başlanýandygyny takrarlaýyşlary ýaly, maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala, islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, biz welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary bilen bilelikde bilim, saglygy goraýyş we medeniýet edaralarynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Olarda maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti, kanunçylyk taýdan goraglylygy barada gürrüň edilýär. Kümüş saçly enelerimiz çagalary milli ruhda terbiýelemekde, olary päk zähmete ugrukdyrmakda zenan maşgalalaryň ornunyň, görüm-göreldesiniň ähmiýetiniň uludygyny belleýärler. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda zenan mertebesini belende götermek, maşgalalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny bildirýärler.

Plastilinden balyjak

Mähriban çagalar, siziň araňyzda plastilinden multfilm gahrymanlarynyň şekiljiklerini ýasamagy halamaýanyňyz ýok bolsa gerek. «Nemonyň gözleginde» atly multfilme-hä ähliňiz diýen ýaly tomaşa edensiňiz. Aşa bilesigelijiligi sebäpli, öz öýünden uzaklara düşýän Nemo atly balyjak hakyndaky multfilm çagalaryň söýgüsini gazanan multfilmleriň biri. Teleýaýlymlarymyzda bu multfilme türkmen dilinde birnäçe gezek tomaşa edensiňiz. Multfilmde Marlin atly balygyň ogly Nemony gözleýşi, Nemonyň hem öz öýüne gaýdyp barmak üçin jan edişi gyzykly wakalaryň üsti bilen suratlandyrylýar. Nemo atly balyjagyň öz hossarlaryna gowuşmagy üçin ekranyň başynda oturyp, garaşan pursatlaryňyzam bolandyr. Geliň, onda žurnalymyzyň şu gezekki sanynda siziň söýgüli multfilm gahrymanyňyz Nemonyň şekiljigini ýasamagy öwreneliň!

Işdäaçar — işdäňizi açar!

Gerekli önümler: • 250 gram towuk eti;

Edepli ile ýarar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlarymyzyň geljeginiň nurana bolup, rowaçlyklara beslenmegi ugrunda ata Watanymyzda uly tagallalar edilýär. Terbiýe meselesinde mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Mugallymlar sapaklarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerini, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, däp-dessurlarymyzy, edep-ekram baradaky düşünjeleri giňişleýin öwretmelidirler.

Maşgala we ömür

Her näçe gözel ýerlerde gezseňem, birnäçe gün geçenden soň, göze görünmeýän ýüp bilen, onda-da beýleki ujy edil ýüregiňe baglanan jadyly ýüp bilen dogduk depäň seni özüne çekip dur. Giň älemde-de, öz Watanymyzyň çäklerinde-de göbek ganyň daman toprakdan has owadan, has gözel ýerler kän. Ýöne öz dogduk depäň ýaly mähriban, ýürege ýakyn ýer hiç ýerde ýok. Seň üstüňde atalaryň yzyn gördüm bakan çagym,

DORAGLY, ALMALY PIROG

Bereketli güýz paslynyň dowam edýän günlerinde pirogyň alma goşulyp taýýarlanylýan görnüşleri islendik öý bikesi üçin elýeterli bolsa gerek. Tiz wagtda taýýar bolýandygyna garamazdan, tagamly pirog her bir maşgalanyň saçagynda çaý başynyň bezegidir. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda şeýle pirogyň doragly gönüşiniň taýýarlanylyşyny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. GEREKLI ÖNÜMLER:

Çagalara puly tygşytlamagy öwredeliň!

Ulularyň durmuşy bilen gyzyklanmak, olaryň edýän hereketlerini gaýtalamak çagalara körpe ýaşlardan mahsusdyr. Şonuň üçinem ösüp gelýän nesle görelde bolmak, olaryň ýanynda özüňi gowy alyp barmak, her bir mesele babatda dogry terbiýäni kemala getirjek hereketler bilen nusga bolmak ulularyň, hususan-da, her bir ene-atanyň borjudyr. Çalt depginler bilen ösýän hem özgerýän häzirki zaman dünýäsinde çagalara ykdysady terbiýäniň berilmegi derwaýys meseleleriň biridir. Çünki pul bilen iş salyşmak, ony harçlamagyň ýollary, maddy serişdeleri tygşytlamak, puly öz zerurlyklaryň üçin sarp etmek, ulular, aýratynam, ene-atalar tarapyndan çagalara sowalga diýlip berlen puly peýdalanmagyň usullary dogrusynda pikir alyşmak geljekde ýaş nesilleriň ykdysady meselelerde dogry netije çykaryp bilmegi üçin iň bir wajyp çemeleşmeleri saýlamagymyza goltgy berip biler. Dürli ugurlar barada özleriniň gymmatly hem baý tejribä esaslanýan durmuş ýörelgelerini miras goýan pederlerimiziň jaýdar aýdan sözleriniň birinde bellenilişi ýaly, «çagany — ýaşdan, edebi — başdan».

Ýagşy ýörelge — ýaşlara görelde

Perzendi akylly-başly, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar biziň geljegimizdir. Şoňa görä-de, ýaş nesliň oňat bilim we terbiýe almagy, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmekleri ýaly möhüm wezipe biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýşi ýaly, döwletimizde adam hem-de onuň bagtly geljegini üpjün etjek ýaş nesil jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edilýär. 

Çagaly öý bazar

Çaga doglansoň, onuň uzak ýaşdan soň ile peýan bermegi, Watanyny söýmegi, ata-enä wepaly bolmagy dilenýändir. Çünki ýagşy perzent terbiýeläp ýetişdirseň, il-ulsuňa miweli daragt miras galdyran ýaly görülýär. Gürrüňini berjek bagtyýar maşgalamyz — Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Toýly Saryýewleriň maşgalasy. Sekiz çagany ösdürip terbiýelän maşgalada 6 gyz, 2 ogul bar. Gelnejemiz Annagözel Saryýewa bolsa, munuň üçin 2020-nji ýylda «Ene mähri» medaly bilen sylaglanan.

Gymmatly hazyna

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňyrýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar. Näme üçindir, edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlarboýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler. Ata-babalarymyz «Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet», «Gyz edebi — il edebi», «Enäniň mähri — zor, terbiýesi — zer», «Edenli gelin ojaga — şeker, edebi ýüregiňe nur bolup çöker» ýaly pähimli sözleriň üsti bilen zen

Maşgala ― mukaddes gala

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Halaç etrap birleşmeleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap polisiýa bölüminiň işgärleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Etrap medeniýet öýünde geçirilen çäre «Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna eýermekde maşgala mukaddesliginiň möhüm orny» diýip atlandyryldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, çäre maşgala mukaddesligini goramak bilen bagly meselä bagyşlandy. Çärede maşgalanyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, ýaşlary hünäre höweslendirmek babatynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna esaslanyp, berlen maslahatlardyr maglumatlar ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi. Şunda sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem maşgaladan başlanýandygyna üns çekilip, hut şu mesele babatynda ýaşlara görelde bolmak maslahat berildi.

Ene hüwdüsi — keramat

Eje diýmek mukaddeslik diýmekdir. Bu mähriban ynsan kiçiligiňden tä ulalýançaň, seniň aladaňda bolýar, saňa ýol görkezýär we hakyky terbiýe mekdebi bolup durýar. Enäniň öz perzendine bolan söýgüsini, mährini onuň owazly hüwdi setirlerinde-de görmek bolýar. Bu gün bu ajaýyp, şirin owazy eşidip, çagalygyma dolanan ýaly bolýaryn. Enem jigim Suraý jany şol owadan sesi bilen hiňlenip hüwdüleýärdi. Öý işlerimi edip ýörşüme, ol jadylaýjy owazy eşidip, enemiň ýanyna nädip gelenimi-de bilmän galdym. Enem: Allan-allan öwmeli, Öň ýakasy düwmeli.Saňa gelen belany,Daga-daşa kowmaly

Ýakymly pursatlar

Howlynyň töründäki sekide ýanýoldaşy Nurberdi aga bilen kişmişdir maňyzdan agyzlaryna salyp, gök çaýyň lezzetini alyp oturan Güljemal enäniň bu gün keýpi has-da çagdy. Ol düýn merjen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gaýdyp gelipdi. Gürrüň berere zat kändi. Has hem ýurdumyzda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi ýakymly pursatlaryň biridi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur parasady bilen, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine mahsus bolan her bir işde ýaşululara geňeşmek, sala salmak, olar bilen meseläni «Ýedi ölçäp, bir kesmek», maslahatlaryny diňlemek indi däbe öwrüldi. Ine, maslahatda şular barada edilen gürrüňleri Nurberdi aga aýalynyň hut öz dilinden ünsli diňläp otyrka, ogullary Nurýagdydyr Sapargeldi, gyzlary Ogulmaraldyr Ogulşeker çagalary bilen gapydan girip geldiler. Çagalar ylgap gelip, Güljemal enäniň gujagyna doldular. — Ene, biziň-ä seni göresimiz gelip gitdi. Indi beýdip köp wagtlyk gitme, bolýarmy?! — diýip, körpe agtyjagy Bägül enesiniň ýüzünden sypady.

Ýörjen-ýörjen ýör çaga

Çagalary mydama gorap ýörmeseň, käbir keseller tiz ýokuşagan bolýar. Esasan-da, olary ýokanç kesellerden gorap durmaly. Ýokanç keseller bilen kesellemez ýaly, onuň öňüni alyş sanjymlaryny wagtly-wagtynda almaly. Çaganyň agramynyň, boýunyň her aýda ölçenmegi hem-de öňüni alyş sanjymlarynyň tertibe görä alynmagy onuň sagdyn ösmegine ýardam eder. Çaga görmäge, eşitmäge, duýmaga we hereket etmäge mümkinçilik bermeli, şol sebäpli onuň sallançagyndan ýa-da krowatyndan uly, açyk reňkli oýnawaçlary görüp, ellerini uzadyp biler ýaly edip asyp goýmaly. Çaga bilen gürleşmeli, aýratyn-da, emdirýän wagtyňyz gürleşmek has-da oňaýlydyr.

Ýetginjek we ene-ata

Ýetginjeklik döwründe çagalar ene-atanyň gözegçiliginden çykmaga höwesek bolýarlar, olaryň talaplaryny we düzgünlerini inkär edýärler. Çagalar üçin öz ýaşytdaşlarynyň aýdýan zatlary, edýän hereketleri has täsirli, ynandyryjy bolýar. Bu ýagdaýy nädip düzetmeli? Ilki bilen, çagalara özümiziň ýetirip biljek täsirlerimizi seljermeli. Biz derrew gaharlanmak bilen bolýarys. Gaharymyza bäs gelip bilmänem, olara ýowuz daraýarys. Olaryň pikirini diňlemeýäris. Özümiz baradaky tankytlaryny kabul etmeýäris. Käbirlerimiz bolsa mylaýym, hoşniýetli bolup, çagalar bilen bir hörpden gopup, olar bilen «dost» bolýarys. Ýa-da bolmasa, özümiziň zerurlygymyzy we ähmiýetlidigimizi, gereklidigimizi her ädimde görkezýäris, üznüksiz takal okaýarys, özümiziň şol ýaşda akylly bolandygymyzy, gazanan üstünliklerimizi, çaganyň bolsa ýeterlik başarnykly däldigini tekrarlaýarys. Ýene birimiz köp işleýändigimizi, çaga terbiýesine wagtyň galmaýandygyny, onuň dünýä inmegi bilen köp zatdan mahrum bolandygymyzy, çagany kemala getirmek üçin näçe güýjüň sarp edilýändigini yzygiderli gürrüň berýäris.

Şaý-sep bezeglerini haçan we nähili dakynmaly?!

Häzirki wagtda dürli şaý-sepleri dakynmak ýaşlaryň arasynda has hem ýoň bolupdyr. Deriden tikilen penjek bilen gymmat bahaly daşlardan ýasalan monjuk, tomus paslynda geýilýän ýeňil köýnekler bilen ullakan altyn gulakhalkalar ýaş gyzlara aýratyn gelşik berýär. Gymmatbaha saý-sepleriň toplumyny toý eşigi bilen utgaşdyryp, 1-2 sanysyny hem toý lybasyna daksaň, durmuşa çykýan gyzy has-da owadan görkezýär. Häzirki zaman bezegleri ýeňilligi, inçeligi, nepisligi, salyhatlylygy, göwrümi we mukdary bilen tapawutlanýar. Lybaslaryň şaý-sepler bilen sazlaşmagy hökmandyr. Şeýle bolanda, ol diýseň gözel görünýär. Şaý-sep bezeglerini dakynmagyň ýörite düzgüni ýok. Ýöne ony her gün, şeýle-de toýa dakynmaga niýetläp, toparlara bölse bolar. Her gün ýa-da işe dakynmaga niýetlenen şaý-seplere kiçi göwrümli asykly inçe zynjyrlar, ownuk gaşly ýüzükler, ýönekeý we ýeňil gulakhalkalar hem-de ýeňil gülýakalar girýär.

Peýdaly maslahatlar

Limon kislotasy öý hojalygynda ulanylýan enjamlar üçin tämizleýji serişde bolup hyzmat edýär. Bu serişde — sitrus miwelerinde duş gelýän tebigy garyşmadyr. Indi ony emeli usulda-da öndürýärler. Limon kislotasyny her bir hojalygyň aşhanasyndan tapmak bolýar. Häzirki wagtda ony sirkä derek hem ulanýarlar. Limon kislotasynyň güýçli, ýiti ysy ýokdur, ýöne onda kislota mahsus ähli häsiýetler bardyr. Şonuň üçin ony gündelik durmuşda ulanyp bolýar. Ony tokly we adaty çäýnekler üçin hem ulanyp bolýar. Çäýnege suw guýup, 1-2 çaý çemçe limon kislotasyny atmaly we 5 — 8 minut gaýnatmaly. Bu usuly ulananyňyzdan soňra, çäýnegiňizi gowy edip ýuwuň we bir gezek gaýnadyp döküň.

Matadan tikilen sebet

Bu gelşiklije sebetleri galyndy matalardan endigan edip tikip bolýar. Muny tikinçilik işine ýaňy başlan gelin-gyzlar hem oňarsa gerek. Bu sebetleri matadan tikmegiň ýönekeýje usuly bar. Olary islegiňize görä, kiçi we uly göwrümlerde hem-de öýüňiziň interýerine laýyklykda tikip bilersiňiz.

Öý bikesi öwrense...

Gök önümli towuk çorbasy Gerekli önümler: 300 g towuk döşi, 250 g kädi, 250 g ýeralma, 100 g käşir, 100 g düýp sogan, 20 g mesge ýagy, 2 diş sarymsak, 4 bölek baton çöregi, 1litr suw, gaýmak, duz, burç islege görä.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Noýabr 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Noýabr aýy zähmetsöýer hamallar üçin işjeňligiň we joşgunlylygyň aýy bolar. Esasy zat, töweregiňizdäkiler bilen ysnyşykly gatnaşygyňyzyň gowşamagyndan seresap bolmagyňyz gerek. Bu siziň işleriňiziň ilerlemeginde bökdençlik döredip biler. Ruhdan düşmäň. Öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmäge çalşyň. Ýaýdanmaň we ýaltalyga ýol bermäň. Bu aýda bolup geçjek hadysalaryň ählisini gowulyga ýormak siziň islendik päsgelçiligi ýeňip geçmegiňize ýardam eder. Maşgalaňyzda-da asudalygy saklamaga çalşyň. Iş başagaýlygy bilen maşgala gämiňizi küreklemegi unutmaň. Heniz öz taýyna duşmadyk hamallara ýyldyzlar täze tanyşlyklaryň garaşýandygyny aýdýarlar. Bu aý telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän hamallar üçinem amatly döwür. Bu aý girdejiňiziň birden artmagy mümkin. Ony tygşytly peýdalanmak geljekki aýda ýeňillik döreder.