''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Terbiýäniň gözbaşy

Ýaş nesli kemala getirmekde esasy orun zähmet terbiýesine degişlidir. Şonuň üçin çagada zähmete bolan söýgini, zähmete hormat goýmak ýaly duýgulary döretmeli. Çagalarda zähmet çekmek höwesini döretmek üçin olary ahlak taýdan terbiýelemek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Zähmet terbiýesiniň maksatlary bolsa: ● zähmet hakynda umumy düşünjeleri kemala getirmekden;

Gaýtalanmajak mukam

Adamyň kalby onuň içki dünýäsi. Içki dünýäniň hemişe gowulyklardan ylham almagy, gözelliklere guwanyp ýaşamagy, gabat gelýän ejizlikleri ýeňip geçmegi her ynsanyň özüne bagly. Şeýle duýgular bilen ýaşaýan adam daş-töweregini gurşaýan tebigat gözelliklerine guwanyp, olary ajaýyp dünýä öwürmäge ymtylýar. Şu babatda ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy owadan dünýäniň aşygy bolandyklaryny nygtamakçy. Olar gözellikleri nagyşlarda göz öňüne getirip, keşdä salypdyrlar, hala çitipdirler. Belki, şondandyr, olaryň hiç bir çyzgysyz ýerine ýetiren el hünärleri, döredijilik ylhamy kalbymyzda ýüpek tarlaryň gaýtalanmajak mukamy bolup ýaňlanýandyr. Perzendi kemala getirmek, olaryň aňyna türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň özeninde bolan ýagşy gylyk-häsiýetleri, däp-dessurlary siňdirmekden ötri, ene-mamalarymyzyň ajaýyplyklary döretmäge-de mähirlerini, söýgülerini bagyş edendiklerine haýran galýarsyň. Keşdeli dünýä

Ejekemi ýatlap...

«Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýýärler. Ýaşan ömrüňde il-günüňe haýyrly iş etseň, adyň dillerde dessan bolýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Janahyr obasynda eneden doglan Alma Çeperalyýewany hem ýakynlary, obadaşlary ýagşylykda ýatlaýarlar. Bu zenan kakamyň aýal dogany, biziň ejekemiz. Ol barada ulularyň gürrüň beren ýakymly ýatlamalaryny «Zenan kalby» žurnalynyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildim. Sebäbi onuň durmuş we zähmet ýolunda zenanlara nusgalyk işler kän. Alma ejekemiň adamsy Gazakbaý aga, kakasy Çeperaly aga 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanda ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gidýärler. Watan üçin, il-günüň parahat durmuşy üçin jeň içinde söweşip, şirin janlaryny gurban edýärler. Durmuşyň agyr labyry Alma ejekemiň gerdenine düşýär. Ol öz perzendi bolmasa-da, ejesine, jigilerine goltgy berip, ekin meýdanynda arman-ýadaman zähmet çekýär. Gijelerine bolsa obadaşlary bilen front üçin jorapdyr ellik örýär. Alma ejekem dogumlylygy, işjanlylygy bilen il arasynda tapawutlanypdyr. Ol şol ýyllarda Gyzylarbat şäherindäki orta okuw mekdebiň agşamky bölüminde okap, ýörite orta bilim alýar. Zähmetsöýerligini, belent adamkärçilik sypatlaryny göz öňünde tutup, oba adamlary ony Janahyr oba geňeşliginiň ilki orunbasary, soňra başlygy wezipelerine saýlaýarlar. Ejekem soňra birnäçe ýyllap obadaky çagalar bagynda müdir, terbiýeçi bolup işleýär. Bar mä

Arzymanym, käbäm ejem

Ir säherden kalbyma pürepürlenen keýpiçaglygymyň ýorgudyny baharyň hoştap howasyndan gözläp, äpişgäni açdym. Gijeki ýaz ýagşyndan soň öňküden-de tämizlenen howadan uludan dem aldym. Bu bahar meniň üçin üýtgeşik geldi. Çünki men bu ýylyň baharyny alys ýurtdan görme-görşe gelen ejem jan bilen garşy aldym. Arzyly öýümiň törüni bezäp, gymmatly nesihatlaryny berip oturan ejem miweli agaçlaryň gül açyp, pyntyk ýaran uçurlary birden öýüne gaýdarman boldy. Sebäbini biljek bolup soragly nazarymy dikenimde bolsa, ol: «Wah, gyzym jan, agalaryň, ýeňňeleriň zol jaň edip durlar-a. Agtyklarymyň göresi gelipdir. Giýew ýol peteginiň ugruna çyksa gowy bolardy» diýdi. Ejem janyň äpişgeden daşaryk bakyp, ak patrak bolup gül açan miweli baglary synlaýan nazary welin, başga zat diýýärdi. Onuň öz eken baglarynyň gül açanyny göresi gelýärdi. Bu baharda hem täze nahallary oturdyp, olaryň üstüni dolmagyň höwesindedi. Otursa-tursa, miweli baglary barada gürrüň ederdi. Daşarda gül açan baglary görüb-ä, «Üljeleriň, erikleriň bary gülländir. Häk, şu narlaryň üstüni basyraýmadyk, sowuk urmadyk bolsa-da bir ýagşy» diýip, zol gaýtalady durdy. Towuklaryny, mal-garasyny dilinden düşürmedi. Garry öýe üýşülende toý mähellesini ýada salýan agtyklaryny ýekän-ýekän ýatlanda, öýüni küýseýäni has aýdyň duýlardy. Gyzynyň öýünde özüni myhman saýýan ejem jan! Ýüregime keýpiçaglyk, durmuşyma süýjülik, ýoluma ýagtylyk çaýý

Mährem dünýä

Türkmen zenanlarynyň söýgüli neşiri bolan «Zenan kalby» žurnalynyň her sanyny elime alanymda, ilki bilen, mähriban käbeler hakynda ýazylan makalalary okap çykýaryn. Mukaddeslige deňelýän eneler barada ýazylanlary okamak ýakymly. Olary okanymda, ejem jany ýatlaýaryn. Ejem jan zehinli, işeňňir, çeper elli, mylaýym, arassaçyl zenandy. Zehinli diýmegimiň sebäbi türkmen halk döredijiliginden eserleriň köpüsini, esasan-da, dessanlary gürrüň bererdi. Çagalykda köp gezek diňlänimdenmi ýa-da käbämiň sada dilde düşnükli edip aýdyp berenindenmi, şol dessanlar daşa ýazylan ýaly bolup, aňymda baky galypdyr. Ol döwürler suwy guýudan çekip içerdik. Ejem bize suwuň her damjasynyň tygşytly ulanylmalydygyny aýdardy.

Hoşboý ysly atyrlar hakda...

Eger-de biz geýýän eşiklerimizi möwsüme görä üýtgedýän bolsak, sepinýän atyrlarymyzy hem üýtgetmeli. Ýazda güller açylyp, anbar yslarynyň ýaýraýşy ýaly, ulanýan atyrlarymyzyň ysy hem mylaýym, ýakymly bolmalydyr. Möwsümleriň üýtgäp durmagynyň duýgularymyza täsir edişi ýaly, sepinýän atyrlarymyzyň üsti bilen biziň hem daş-töweregimize berýän energiýamyzyň täsiri artýar. Esasan hem, ýaz aýlarynda tebigatyň janlanmagy bilen täze duýgulara beslenýäris. Tebigatyň ajaýyp ysy deýin, ulanýan atyrlarymyz bizde-de tebigy taýdan ýakymly ys döredýär. * * *

Tutanýerliligiň daşy

Oniks kwars toparyna degişli bolup, silikat düzüminden emele gelýär. Ol kwarsyň ak we gara zolak geçýän halsedonly görnüşiniň biridir. Mineral, köplenç, bezegleri we şaý-sepleri ýasamak üçin ulanylýar. Oniks daşynyň daşky görnüşi barada aýdanymyzda, mineral dürli reňkleri we üýtgeşik tebigy nagyşlary, şeýle-de çydamlylygy bilen tanalýar. Oniksiň gara reňklisi we aýna ýaly dury görnüşi iň gymmatly hasaplanýar. Bu daş özüne çekiji görnüşe we özboluşly mozaika nagşyna eýe bolup, olardan, köplenç, şaý-sepler we heýkeller ýasalýar. Oniks, başgaça, «nogat», «onihion» diýlip hem atlandyrylýar. Reňkleri barada aýdanymyzda, köplenç, ak-gara ýa-da gara-mele görnüşde bolýar. Ýöne onuň gyzyl, ýaşyl, sary we gülgüne reňklerine hem duş gelinýär. Bu mineral eýesinde ynam döredýär, oňa her bir işde dogry karar çykarmaga kömek edýär, ýaramaz (negatiw) täsirlerden goraýar. Oniks tutanýerliligiň, durnuklylygyň we deňagramlylygyň nyşany hasaplanylyp, ondan ýasalan şaý-sepdir heýkelleri, köplenç, öýde, iş ýerlerinde goýýarlar ýa-da sazlaşyk üçin ýany bilen alýarlar.

Aşpezçilik, döredijilik

Jenis Wong 2014-nji ýylyň dekabrynda Singapurda ýerleşýän «Ion Orchard» we «Marina Bay Sand» dynç alyş seýilgählerinde ýerleşýän dükanlara «Janice Wong» nyşanyny goýup, ol ýerde öz oýlap tapan önümlerini, ýagny iýmitlik sungat eserlerini döredýär.

Matalara nähili ideg etmeli?

Matalaryň ajaýyp, owadan reňkleriniň parlak görünmegi olara degişli ideg edilmegindendir. Köp adamlar matanyň reňkine, görnüşine we eşikleriň bellik hatlaryna (öndürilýän kärhana tarapyndan eşigiň arkasyna tikilýän bellik) eýermän ýuwýarlar. Şeýle egin-eşikleriň reňkleri solýar. Dogry ideg we seresaplylyk önümiň daşky görnüşiniň we hiliniň uzak wagt saklanmagyna kömek edýär. Ýüpek matalara ideg etmegiň düzgünleri:

Öý bikesi öwrense...

Badamjan ikrasy Gerekli önümler: 4-5 sany badamjan, 2 sany käşir, 3 sany düýp sogan, 4 sany pomidor, 3 sany bolgar burçy, 3 diş sarymsak, duz, burç.

Ýyldyzlar näme diýýär? Maý 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Hamallar maý aýynda ilki pikirlenip, soňra hereket etmelidigini ýatdan çykarmasalar dogry bolar. Maý aýynyň ikinji ýarymy amatly pursatlara baý bolar. Ýyldyzlar size mundan peýdalanyp, öňde goýan meýilnamalaryňyzy amala aşyrmagy maslahat berýärler. Maý aýynyň aýagy hamallara bagt guşunyň ganat gerjek döwri bolar diýsek, ýalňyş bolmaz. Hamallar adaty bolmadyk teklipleri bilen ýolbaşçylarda gyzyklanma döredip, iş ýerlerinde üstünlik gazanarlar.

Maşgala goldawy

Adam hakdaky aladalar ýurdumyzda kabul edilýän kada-kanunlaryň many-mazmunyny düzýär. «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary halkymyzda uly buýsanç we hoşallyk duýgularyny döreden hukuk namalarynyň biridir. Kararyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenilýär.

Alaja işmek

Türkmen halkynyň milli el işleriniň iň bir naýbaşy görnüşleriniň biri-de alajadyr. Milli lybaslarymyzy bezemekde giňden ulanylýan alajalar gözden-dilden goraýar.Alajalar ýerine ýetirilişi, nagyşlary boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Žurnalymyzyň şu sanynda bolsa çeper elli gyzjagazlarymyza alaja işmegiň bir görnüşini öwretmegi makul bildik. Gerekli esbaplar:

Ýeralmaly tagam

Gerekli önümler: 2 sany ýeralma;

Durmuşyň nusgalyk mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi hem bagtyýar halkymyzyň guwanjyny artdyrdy. Döwlet Baştutanymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip nygtaýar. Hakykatdan-da, Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen bagly dana setirleri asyrlar içre öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän milli ahlak ýörelgesi halkymyzyň asylly maşgala däpleri, urp-adatlary bilen utgaşýar. Çünki şahyryň döredijiliginde türkmeniň milli däp-dessurlary, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, akgöwünli, adalatly bolmak ýaly edep ýörelgeleri çuňňur pähim-parasada ýugrulyp kämilleşipdir. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň her birimiz üçin ruhy-ahlak mekdebi bolup durýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Terbiýe saglyga nähili täsir edýär?

Nerw-psihiki keselleriň öňüni almakda psihogigiýena uly ähmiýete eýe bolup durýar. Psihogigiýena adamyň psihiki saglygyny goramaga we goldamaga gönükdirilen ylym bolup, ol adamyň psihikasyna ýaramaz täsir edip bilýän ýagdaýlaryň öňüni alýar. Ynsan ömrüniň islendik bir döwründe nerw ulgamynda, tutuş bedende özgertmeleriň bolup geçýändigi sebäpli adamlaryň psihikasynda belli bir üýtgemeler ýüze çykyp bilýär. Psihiki keselleriň öňüni alyş umumy keselleriň öňüni alşyň bir bölümi bolup, ol psihiki bozulmalaryň öňüni alýan çäreleri öwrenmek, saglygy goraýyşda ornaşdyrmak hem-de psihiki oňaýlylygy üpjün etmek babatynda maslahat bermek bilen meşgullanýar.

Meňzi, mähri ýaz ýaly

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny gaýtalap-gaýtalap okamak bilen, eneleriň mährinden tutuş dünýäniň nurlanýandygyna göz ýetirýäris. Eneleriň hoş bolmagy bilen maşgalalaryň durmuşyna bagtyýarlyk şuglasy çaýylýar. Sebäbi maşgalada enäniň orny bir başga. Onuň gaýgy-ünjüsi näçe az bolsa, şonça-da maşgala ojagynyň durmuşy süýjeýär. Eneler ýylgyrsa, älem ýylgyrýar. Ene durmuşda perzendi üçin köp kişiniň ornuny tutup bilýär, ýöne onuň ornuny welin, hiç kim tutup bilmeýär. Ata-babalarymyz zenan mertebesine, enäniň maşgaladaky ornuna sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginiň zerur şerti hökmünde garapdyrlar. Olaryň jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki hyzmatyna örän ýokary baha beripdirler. Häzirki günde hem zenan maşgalalar mukaddes ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hasaplanylýar. Maşgala binýadyny berkitmekde, ýaş nesilleriň Watana wepaly perzentler bolup kemala gelmeklerinde eneleriň gerdenine juda uly borç düşýär.

Milli terbiýe — göreldäniň gözbaşy

Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berýär. Milli edebiýatymyzyň gadymy sahypalary halkymyzyň nesil terbiýesine bagyşlanan edebi mirasy bilen ebedileşdirilendir. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözler, nakyllar, halkymyzyň durmuşyny, durmuş tejribesini, pelsepesini, dünýägaraýşyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän miraslar nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Türkmen halk döredijiligi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetipdir. Ol ruhy gymmatlyklar halkymyzyň şöhratly taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigat bilen gatnaşygy ýaly ugurlary öz içine alýar. Dürli wagtlarda dörän, çuňňur mana eýe bolan pähimler gitdigiçe kämilleşip, timarlanyp, has-da çeperleşdirilip, durnukly görnüşe eýe bolupdyr. Hut şonuň üçin halk döredijiliginiň, aýratyn-da, nakyllaryň biziň döwrümizde hem terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. «Paýhas çeşmesi» kitabynda «Adam edebinden tanalar — ýurt tugundan», «Edepli ile ýarar», «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy», «Edep başy dil», «Dili süýjiniň dosty köp», «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy» ýaly nakyllar hem jemgyýetçilik ýaşaýşynda edep-terbiýäniň ähmiýetini şöhlelendirýär. Bular bolsa ýaşlaryň ruhuny terbiýeleýän pähimlerdir, milli mirasymyzyň gymmatlyklarydyr.

Döwletli döwranda zenan sarpasy

Maşgala sütüniniň binýady, ahlak gözelliginiň nusgasy saýylýan zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belent tutmak, olary sarpalamak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýän gymmatly ýörelgelerimiziň biridir. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyndan ugur alnyp, gelin-gyzlarymyzyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň döredijilikli zähmet çekmekleri we mynasyp durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatymyzda möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir. Çünki bu günki gün mährem zenanlarymyz maşgala abadançylygyny berkitmek bilen birlikde on barmagynyň hünäri bilen halkymyzyň şöhratly, ösüş-özgerişli ýoluny dünýä ýaýýarlar. Berkarar Watanymyzda mähriban enelerimiz yhlasly hem-de döredijilikli zähmeti bilen ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde giň gerimli işleri alyp barýarlar. Gelin-gyzlarymyz ýurdumyzda kabul edilýän döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda döwlet düzümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilik senagat toplumlarynda döredijilikli zähmet çekýärler.

Nepis sungata sarpa

Howa sowap, ýagynly gün bolanda, ýyly otagdaky penjiräniň öňünde oturyp, daşaryny synlamak endigi köplerde bar bolsa gerek. Eliňde bir käse gyzgyn çaý bilen halaýan kempudyň dagy bolaýsa-ha, asla ýeriňden gozganasyň hem gelmez. Şeýle günler men-ä ejemiň gursakçasyny egnime atyp, onuň mähir ýylysyna çoýunyp oturan ýaly bolýaryn. Wah, käbäm, senli ýatlamalarym bilen ikiçäk galmagy şeýle bir halaýaryn welin, şol pursat özümi iň bagtly adam saýýaryn. Çünki ýyllar bizi näçe daşlaşdyrsa-da, şol pursat sen ýanymdasyň, eýýäm kem-kemden gözümde öçüşip barýan keşbiň ýene nura dolup, mähirli roýuň, ýakymly ýylgyryşyň bütin durkumy gaplap alýar. Seni ýanymda ýaly duýýaryn, mundan lezzet alýaryn, käbäm! «Onda näme üçin gözüň ýaşly?» diýýän ünjüli sesiňi eşidýän ýaly bolýaryn. Gözümden biygtyýar syrygýan ajy ýaşlary saklamaga meniň erkimem, güýjümem ýog-a, käbäm! Ýagyş güýçlendigiçe, aýna degýän damjalar ýakymly owaz edýär. Sen hem bir işe gümra bolanyňda, hiňlenmegi gowy görerdiň. Esasan-da, haly dokanyňda ýa-da el işlerini edeniňde, mylaýym owaz bilen ýuwaşjadan halaýan aýdymyňy aýdardyň. Sen çalaja seslenýänsiňem welin, biz ony kän bir eşitmesek hem, kalbymyz bilen duýýan ýalydyk. Gijara öý işlerini boldum eden ejem ýa haly dokardy ýa-da tikin tikerdi. Erkek doganym öýlenip, maşgalamyzda agtyga garaşylanda, ejem bäbek üçin ähli eşikleri öz eli bilen taýýarlapdy. Ol naşyja köýnejiklerdir