Umumadamzat gymmatlygy

2 Fewral 2021
1283

Golaýda Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdepde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň hem-de etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan bäsleşige etrabyň edara-kärhanalarynda dürli kärde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy.

Bäsleşigiň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseriniň düýp özenini, terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmekden, ýaşlarda halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine buýsanjy artdyrmakdan hem-de olaryň watançylyk duýgusyny ösdürmekden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşyjy gelin-gyzlaryň hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bölekleri okamak, bu gymmatly eserdäki rowaýatdyr hekaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmek babatdaky başarnygy aýratyn uly täsirler döretdi. Olar baý many-mazmuna eýe bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini çeper sözleriniň üsti bilen wasp etdiler.

Baýrammuhammet ÖWEZGELDIÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.