Adam. Jemgyýet. Kanun.

1 Fewral 2021
1358

Durnukly ösüşiň ähmiýeti

Garaşsyz, Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durnukly we asuda durmuşyň pugtalandyrylmagynda, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen dost-doganlykly, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly işler bitirilýär. Şeýle bähbitli ýol-ýörelgäniň milli Liderimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze ýylda-da rowaçlyklara beslenjekdigine berk ynam täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ajap eýýamymyzyň ýyllary Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygyň mekanyna, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.