Hünär ussatlygy

31 Ýanwar 2021
1372

Ýakynda Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň çäginde guralan bu bäsleşige dokmaçy gelin-gyzlar gatnaşdy.

Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan belleniljek Halkara zenanlar gününi has-da dabaralandyrmakdan, ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekden, ýokary görnüşli dokma önümlerini mahabatlandyrmakdan hem-de dokmaçy zenanlary höweslendirmekden ybarat boldy. Oňa gatnaşyjylar öz taýýarlan önümleri barada giňişleýin gürrüň etdiler we tikin önümlerini mahabatlandyrdylar.

Eýeberdi BÄŞIMOW,
Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.