Mukaddeslige sarpa

26 Ýanwar 2021
1259

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde açylan sergi «Watan goragy mukaddesdir» diýlip atlandyryldy.

Sergide ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklarymyz ata-babalarymyzyň şöhratly ýoly, hormatly Prezidentimiziň bimöçber üns-aladasy bilen gurşalan Milli goşunymyzyň şu günki ösüşi barada özboluşly gürrüň berýär.

Maýsa GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri. Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.