Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy senagat zolagyna öwürmek, öndürilýän önümleriň görnüşini we mukdaryny artdyrmak, şeýle-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply milli harytlarymyzy eksport etmek boýunça alnyp barylýan işler aýdyň maksatly ata Watanymyzyň nurana geljegine gönügendir. Döwrüň we döwletiň döreden mümkinçilikleri ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususyýetçileri il-halk bähbitli tutumly işleri ýola goýmaga ugrukdyrýar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda aýratyn üns berilýän hususy pudagyň wekilleriniň — türkmen telekeçileriniň, işewürleriniň ykdysadyýetimiziň ösüşindäki paýy uludyr.
Ýakynda açylyp ulanylmaga berlen «Gök saraý» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň Magtymguly köçesiniň 2-nji kilometrinde ýerleşip, ol ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň netijeli ýola goýlandygynyň subutnamasydyr. Hususy kärhananyň önümçilik we tehniki bazasy Ýewropadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan getirilen ýokary hilli enjamlar we täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen.