Ýaşlar baradaky alada

2 gün öň
37

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar we olaryň sagdyn ösüp-ulalmagy, okamagy, hünär öwrenmegi, bagtyýar durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Aýratyn-da «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň ähli mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy, ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmegi, ylmy gözleglerinde ýokary netijeleri gazanmagy üçin ähli şertler döredilendir.

Ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzda ýaş nesliň zähmet, durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilýändiginiň kepilidir.

Akbäbek GURBANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap geňeşiniň uly buhgalteri.