Taýýarlyk ýaýbaňlanýar

6 Ýanwar 2021
1833

Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden karary esasynda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini» görkezmek bolar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary diýen ýörite bölüm girizildi. Şol bölümde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly, göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýär.